Sepleriň elýeterliligi

Karaçide gazaplylyk artýar


Pakistanyň adam hukuklary boýunça komissiýasynyň ýaýradan hasabatynda, ýurduň iň uly şäheri Karaçide adam öldürmeleriň we beýleki gazaply jenaýatlaryň derejesiniň gözgyny ýagdaýda artandygy aýdylýar.

Hökümete degişli bolmadyk bu guramanyň duşenbe güni ýaýradan hasabatynda bellenmegine görä, 2013-nji ýylyň birinji ýarymynda 1,700 adam gazaply ödürilipdir.

Hasabatda iýun aýynyň özünde 300 adamyň öldürilendigi nygtalýar.

Gurama 2011-nji ýylda 1,100; 2012-nji ýylda bolsa 1,200 adamyň öldürilendigini öňe sürýär.

Hasabatda bellenilşi ýaly, 2013-nji ýylda öldürilen 700 töweregi adam ýurduň dürli syýasy partiýalarynyň wekilleri bolupdyr.

Karaçide 20 milliondan gowrak adam ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG