Sepleriň elýeterliligi

Nawalny dalaşgärlige hasaba alynar


Orsýetde oppozisiýa aktiwisti we korrupsiýa garşy göreşýän blogger Alekseý Nawalny çarşenbe güni Moskwanyň häkimi bolmak ugrunda dalaşgärlige hasaba alynar. Bu barada Moskwanyň merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy habar berýär.

Sişenbe güni Walentin Gorbunow Nawalnynyň hödürlän resminamalarynda kemçilikleriň ýokdugyny aýdyp, çykyş etdi.

Gorbunow Nawalna garşy gozgalan jenaýat işiniň onuň dalaşgär hökmünde hasaba alynmagyna täsirini ýetirmeýändigini-de belledi.

Nawalny 2009-njy ýylda 510 müň dollar töwereginde pul serişdelerini ýuwmakda aýyplanýar. Eger-de sud ony günäli tapsa, ol dalaşgärlikden çetleşdiriler.
XS
SM
MD
LG