Sepleriň elýeterliligi

Panama: Phenýanyň gämisi saklandy


Panamanyň prezidenti Demirgazyk Koreýanyň baýdagyny göterýän bir gäminiň saklanandygyny aýdýar. Prezident Rikardo Martinelli Kubadan ugran bu gäminiň üstünde “çylşyrymly raketa enjamlarynyň” bolandygyny öňe sürýär.

Prezident gäminiň we onuň ekipaž agzalarynyň derňew üçin saklanýandygyny belledi.

Prezidentiň döwlet radiosynda “Dünýä bir zada düşünmeli: Panama kanalynyň üstünden hiç kim deklarasiýa edilmedik ýaraglary daşap bilmez” diýen sözleri-de getirilýär.

Prezidentiň ýaraglaryň duşenbe güni ele salyndy diýilýän maglumaty, häzirlikçe, beýleki garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanylmady.

Martinelliniň aýtmagyna görä, haçanda polisiýa gäminiň üstüne çykanda, onuň kapitany özüni öldürmekçi bolupdyr.

Fewral aýynda Demirgazyk Koreýa özüniň üçünji ýadro synagyny amala aşyrypdy. Phenýana onuň ýadro programmasy sebäpli BMG-niň sanksiýalary girizildi.
XS
SM
MD
LG