Sepleriň elýeterliligi

Pedofiliýada aýyplanyp 255 adam tutuldy


ABŞ-nyň resmileri pedofiliýa, ýagny çagalara jynsy zorluk görkezmek aýyplamalary boýunça 255 adamyň tutulandygyny aýdýarlar.

“Operation iGuardian” (“Men hossar operasiýasy”) atly ýörite çäreler ABŞ-da we dünýäniň beýleki sekiz döwletinde geçirilipdir. Bu operasiýanyň dowamynda çagalaryň jynsy zorluga sezewar edilişini, çaga pornografiýasyny ýaýradýan adamlaryň nyşana alnandygy bellenilýär.

Pedofiliýada güman edilýänleriň aglabasynyň ABŞ-da tutulandygy aýdylýar. Şeýle-de operasiýanyň çäginde Braziliýada, Kanadada, Ysraýylda, Meksikada, Fillipinlerde, Singapurda, Günorta Koreýada we Taýlanda dagy tussag etmeleriň amala aşyrylandygy nygtalýar.

Tussag edilenleriň 17-siniň jemgyýetçilik tarapyndan ynam bildirilýän, şol sanda mekdep mugallymy, ruhany ýaly wezipelerde işländigi hem bellenilip geçilýär.
XS
SM
MD
LG