Sepleriň elýeterliligi

Ýerli we daşary ýurt gurluşyklarynyň tapawudy


Gurluşyk işgärleri

Gurluşyk işgärleri

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren giňişleýin hökümet maslahatynda ýurtda 41 milliard dollarlyk gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny hem-de şol maýa goýumlarynyň 13 milliardyny ýerli hususy gurluşyk kompaniýalarynyň özleşdirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň prezidentiniň bu sözlerini paýtagtda alnyp barylýan gurluşyk obýektleriniň gerimidir ýagdaýy hem belli bir derejede tassyklaýar.

Aşgabatda gurulýan desgalaryň gurluşyk meýdanlarynyň ýagdaýyndan çen tutup, bu obýekti haýsy kompaniýanyň gurýandygyny kesgitlemek kyn däl. Eger-de şol gurluşyk meýdanlarynda gurluşyk kranlary dyngysyz işläp, şol obýektde işlemäge isleg bildirýän adamlar köp bolsa, onda bu gurluşygy gürrüňsiz haýsydyr bir daşary ýurt kompaniýasynyň alyp barýandygyny aýtsa bolar.

Başlanyp-taşlanan obýektler

Ýerli hususy gurluşyk kompaniýalarynyň işleýän gurluşyk meýdanlarynyň ýagdaýy köplenç halatda sowet döwrüniň gurluşyk meýdanlaryny ýada salýar. Kähalatda şol gurluşyklar, edil sowet döwründäki ýaly, başlanyp-taşlanan obýektlere meňzeýär.

Mysal üçin, paýtagtyň häzirki lomaý söwda bazarynyň giňeldilip gurulýan binasynyň gurluşygy diňe soňky wagtlar “janlandy”. Bu ýagdaý diňe bir lomaý söwda bazary ýaly ulurak gurluşyklara mahsus bolman, eýse kiçeňräk gurluşyklara hem degişli.

Paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky “Aşgabat” sport kompleksiniň futbol meýdançasynyň durkuny üýtgetmek maksady bilen alnyp barylýan gurluşygy hem ýerli hususy kompaniýa ýerine ýetirýär. Bu gurluşyk hem başlanyp taşlanana meňzeýär.

Ýerli hususy gurluşyk kompaniýalarynyň gurluşyklarynyň bu aýratynlyklarynyň sebäbini şol kompaniýalarda işleýänler gurluşygy dowam etdirmäge pul ýoklugy bilen düşündirýärler.

Daşary ýurt kompaniýalary

“Hökümet wagtynda pul geçirmänsoň, türkmen kompaniýalarynyň gurluşyk işleri bökdençlige uçraýar. Hökümet esasy ünsi daşary ýurt kompaniýalarynyň gurluşyklaryna berýär” diýip, hususy gurluşyk kompaniýasynyň işgäri Ýalkap bu hakda gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, daşary ýurt kompaniýalaryna berilýän gurluşyk proýektleri bilen deňeşdireniňde, türkmen gurluşykçylaryna ynanylýan gurluşyklaryň gerimi-de, girdejisi-de has pes.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Aşgabatda gurlan edarasy ýa-da häzir paýtagtda gurluşygy alnyp barylýan giper-market ýaly birki sany iri gurluşyk obýektleri bolaýmasa, türkmen gurluşykçylarynyň amala aşyrýan gurluşyklary, esasan, dört-bäş gatly ýaşaýyş jaýlaryndan, söwda nokatlaryndan ýa-da paýtagtyň köne ýaşaýyş jaýlarynyň daş keşbini abatlamak ýaly işlerden ybarat.

“Onlarça million dollarlyk gurluşyklary diňe daşary ýurt kompaniýalary amala aşyrýarlar. Esasanam, bu obýektleri “Buig” ýa-da “Polimeks” kompaniýalary gurýar. Soňky 5-6 ýyl bäri “Polimeks” kompaniýasyna berilýän gurluşyklar has-da köpeldi” diýip, Ýalkap Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Goýberilýän maliýa serişdeleri

Umuman aýdanyňda, türkmen hökümetiniň ýerli hususy gurluşyk kompaniýalaryna bolan ynamyny we garaýşyny hökümetiň bu gurluşyga goýberýän maliýe serişdelerinden we ol serişdeleriň özleşdirilişinden hem kesgitlemek bolýar.

Bu ugurda ýene bir zady bellemek artykmaçlyk etmez. Aýdylyşyna görä, gurluşyk proýektlerini amala aşyrmak hukugyna eýe bolmak aňsat iş däl, bu ugurda korrupsiýa gülläp ösýär. Käbir hususy gurluşyk kompaniýalarynyň işgärleri “otkat” diýip atlandyrylýan korrupsion sistemanyň ýurduň ykdysadyýetiniň gurluşyk sektorynda giňden ornaşandygyny aýdýarlar.

“Gurluşyk proýektine goýberilýän puluň belli bir möçberini [bu işi saňa berýänlere] eçilmeseň, şol proýekti alyp bolanok. Şeýle-de, diňe bir “otkat” ýa-da para däl, eýsem tanyşlygam gerek. Diňe şeýdip, amatly gurluşyk obýektini alyp bolýar” diýip, ýerli hususy gurluşyk kompaniýasynyň öz adynyň efirde tutulmagyny islemedik bir işgäri gürrüň berýär.
XS
SM
MD
LG