Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Häkim kosmetika üçin öldürildi


Kosmetika çalnyp duran owganystanly bir gyz

Kosmetika çalnyp duran owganystanly bir gyz

Owganystanda aýallaryň durmuş meseleleri barada gürrüň gozgalanda, dawa-jenjeldir düşünişmezlikler köp bolýar. Bu, isle olaryň hökümetdäki orny barada bolsun, isle-de olaryň bilim almak ýa-da özlerine kosmetika serişdesini satyn almak hukugy barada bolsun, tapawudy ýok, hemmesi hem dawa-jenjeli tutaşdyrýar.

Owganystanly häkimiň hem şol sebäpli, ýagny ýurtda aýallar üçin açylan kosmetiki dükanlaryň üstünde güýjeýän düşünişmezlikler sebäpli gurban bolandygy aýdylýar.

Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Baglan welaýatynyň Der Salah etrabynyň häkimi Abdul Rasul 6-njy iýulda geçirilen reýdde dükan satyjysy tarapyndan atylyp öldürilýär. Etrabyň polisýa bölüminiň başlygy Abdul Ahad häkimiň üç gezek atylandygyny we entek etrap hassahanasyna getirilmänkä aradan çykandygyny aýdýar.

Ahad şübhe bildirilýän jenaýatçyny tutmak üçin giň göwrümli gözleg işini alyp barýandyklaryny, emma jenaýatçynyň wakanyň bolan ýerinden dessine gaçandygyny we şondan soň hiç haçan göze ilmändigini aýdýar. Şeýle-de polisýanyň başlygy Rasulyň öz erkine hereket edendigini aýratyn belledi: “Rasul özünden ýokarky başlyklara ýa-da maňa habar bermezden, özi gidip, reýd gurnapdyr we käbir kosmetika dükanlaryny ýapdyrjak bolupdyr. Dükanlaryň birinde ol eli ýaragly satyja duşupdyr, ol hem häkime garşy ot açypdyr”.

Fetwa

Geçen aý etrabyň ulamalary, ýagny dini mejlisi Deh Saladaky kosmetiki dükanlaryň derhal ýapylmalydygy barada fetwa, ýagny pitiwa çykaransoň, Rasul olary ýapjak boldy. Kesir dindarlar kosmetiki serişdeleriň yslam dinine dogry gelmeýändigini, ýurtda kosmetika dükanlarynyň bolmagynyň hem adamlary zyna etmäge iterýändigini tekrarlap, olary ýapdyrmagy karar etdiler.

Deh Salanyň ozalky häkimi Abdul Hannanyň aýtmagyna görä, ulamalar, eger Rasul herekete geçmese, özleriniň baryp, şol dükanlary ýakyp-ýumurjakdyklaryny aýdyp, Rasula topulypdyrlar.

Abdul Hannan bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Ulamalar kosmetika dükanlaryny ot berjek diýip aýdypdyrlar. Etrap häkimi hem ‘ulamalar birden gozgalaň turzup, tutuş etraby ýakyp-ýumuraýmasynlar’ diýip, özi kosmetika dükanlaryna baryp, olaryň eýelerine iş ýerlerini ýapdyrjak boldy”.

Deh Saladaky kosmetiki serişdeler satylýan dükanlaryň eýeleri şeýle zatlaryň tutuş ýurtda ulanylýandygyny aýdyp, özleriniň harytlaryny satmak boýunça hukugyny goradylar. Olar dini ruhanylary günäkärläp, olary "Talyban" döwrüniň ekstremist durmuş endiklerini ýurda gaýtadan dolap getirmäge synanyşykda aýypladylar.

Ulamanyň çykaran karary Owganystanda alty ýyllap höküm süren diýdimzor "Talybanyň" permanlaryny ýada salýar. "Talybanyň" fundamentalist režimi döwründe aýallara kosmetikanyň ähli görnüşlerini ulanmak, atyr sepinmek we dyrnaklaryny hynalamak gadagan edilipdi. Şeýle düzgünlere boýun egmedik aýallar "Talyban" hereketiniň "ahlak polisiýasy" tarapyndan köpçüligiň öňüne çykarlyp, ýenjilýärdi.
XS
SM
MD
LG