Sepleriň elýeterliligi

Snowden gaçybatalga sorady


Edward Snowden

Edward Snowden

Edward Snowden bilen duşuşan rus aklawçysynyň aýtmagyna görä, Snowden Russiýadan wagtlaýyn gaçybatalga sorap, arza ýazypdyr.

Anatoliý Kuçeranyň sözlerine görä, Snowden arzany sişenbe güni Şeremetýewo aeroportyndaky migrasiýa gullugynyň işgärine beripdir.

Russiýanyň Federal migrasiýa gullugy bu habar boýunça, häzirlikçe, beýanat bilen çykyş etmedi.

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowden Waşingtonyň gizlin maglumatlaryny syzdyrypdy. Ol 23-nji iýundan bäri Moskwanyň Şeremetýewo aeroportynda gizlenýär.
XS
SM
MD
LG