Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Müsür: Çaknyşykda ölenler bar


Mohammad Morsiniň tarapdarlary. 15-nji iýul, 2013 ý.

Mohammad Morsiniň tarapdarlary. 15-nji iýul, 2013 ý.

Müsürde häkimiýetden çetleşdirilen prezident Mohammad Morsiniň tarapdarlary bilen polisiýa çaknyşanda azyndan ýedi adam öldi.

Müsüriň Saglygy saklaýyş ministrliginiň işgäri Khaled el-Khateibiň sişenbe güni beren maglumatyna görä, duşenbe güni giçlik ýüze çykan gazaplylykda 260-dan gowrak adam ýaralanypdyr.

Çaknyşyklaryň sişenbe güni ir bilen hem dowam edendigi habar berilýär.

Gowuşýan maglumata görä, ýurduň howpsuzlyk gulluklary protestleri öjükdirmekde aýyplap, 400 töweregi adamy tussag edipdir.

“Musulman doganlary” hereketiniň müňlerçe tarapdary Morsiniň dikeldilmegini talap edip, protest geçirýärler. Morsi 3-nji iýulda, birnäçe gün dowam eden protestlerden soň, harbylar tarapyndan çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG