Sepleriň elýeterliligi

Putin Snowden barada çykyş etdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin žurnalistleriň öňünde çykyş edip, rus-amerikan gatnaşyklarynyň “ýörite gulluklaryň dawalaryndan” has möhümdigini aýtdy.

Putin bu barada çarşenbe güni ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowden boýunça dörän dartgynlylyklar bilen baglylykda çykyş etdi.

Snowden 23-nji iýundan bäri Moskwanyň Şeremetýewo halkara aeroportunyň tranzit bölüminde ýaşaýar. Ol Russiýadan wagtlaýyn gaçybatalga sorap, arza hem ýazypdy.

Putin çykyşynda Snowdeniň Moskwa bilen Waşingtonyň özara gatnaşyklaryna zeper ýetirjek işlerine rugsadyň berilmejekdigini-de sözüne goşdy.

Sişenbe güni Ak tamyň metbugat wekili Jaý Karneý Waşingtonyň Snowden babatyndaky pozisiýasyny ýene bir gezek tekrarlap, onuň ABŞ-nyň resmilerine tabşyrylmalydygyny nygtady. Snowdene hökümetiň emlägini ogurlap, gizlin aňtaw maglumatlaryny syzdyrmakda aýyplamalar bildirilýär.
XS
SM
MD
LG