Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: 'Al-Kaýdanyň' lideri öldürildi


Abu Sufýan al-Azdi lakamy bilen hem tanalýan, Said al-Şehri

Abu Sufýan al-Azdi lakamy bilen hem tanalýan, Said al-Şehri

“Al-Kaýda” hereketi özüniň Ýemendäki ýolbaşçysynyň orunbasarynyň, pilotsyz uçaryň zarbasy netijesinde, öldürilendigini tassyklady.

“Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli wekili Ibrahim al-Rubaiş çarşenbe güni wideo beýanat ýaýradyp, onda Abu Sufýan al-Azdi lakamy bilen hem tanalýan, Said al-Şehriniň öldürilendigini mälim etdi. Emma onuň haçan heläk bolandygy barada maglumat bermedi.

Ýemeniň hökümet resmileri asly saud arabystanly söweşijiniň öldürilendigini aýdyp, ençeme gezek beýanat ýaýradypdylar.

Al-Şehri 2007-nji ýylda Guantonama türmesinden boşadylypdy.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “New Amerika Foundation” ylmy-barlag merkeziniň berýän maglumatyna görä, 2012-nji ýylda ABŞ Ýemende pilotsuz uçarlary arkaly 53 howa hüjümini amala aşyrypdyr.
XS
SM
MD
LG