Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Ozalky ministriň dogany öldürildi


Owganystanyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Rangin Dadfar Spanta. 2011 ý.
Owganystanyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Rangin Dadfar Spanta. 2011 ý.
Owganystanda milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Rangin Dadfar Spantanyň dogany – Ahmad Wali ýurduň günbataryndaky Herat welaýatynda atylyp öldürildi.

Ýerli polisiýanyň metbugat wekiliniň “AFP” habar gullugyna beren maglumatyna görä, Wali çarşenbe güni irden, hammamdan çykan mahaly, motosikletli iki sany näbelli hüjümçi tarapyndan öldürilipdir. Bu waka Karukh şäherinde bolup geçdi.

Polisiýa hüjümçileriň hadysanyň ýüze çykan ýerinden gaçmagy başarandyklaryny aýdýar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Wali Karukh şäheriniň prokurory bolup işleýärdi. Onuň dogany Spanta 2006-2010-njy ýyllar aralygynda Owganystanyň daşary işler ministri hem bolupdy.
XS
SM
MD
LG