Sepleriň elýeterliligi

"Altyn Asyr": Sistemada bökdençlik bar


"Tmcell" mobil aragatnaşyk kärhanasynyň reklama afişasy

"Tmcell" mobil aragatnaşyk kärhanasynyň reklama afişasy

Hepdäniň duşenbe gününden tä sişenbe gününe çenli ýurtda mobil aragatnaşyk kärhanasy “Altyn asyryň” müşderileri özleriniň hasaplaryny dolduryp bilmediler. Şol hasaplarynda näçe puluň galandygyny hem bilmek mümkin däldi.

“Altyn asyryň” müşderilere hyzmat edýän paýtagtdaky ofisleriniň hiç haýsynda-da şol günler müşderi ýokdy. Balansyny anyklamak üçin barýan müşderilere “Altyn asyryň” işgärleri bir sözlemde “sistema işlänok” diýip, jogap berýärdiler.

Müşderileriň köpüsi munuň nämäni aňladýandygyny sorap hem durmaýarlar. Çünki bu mobil prowaýderiniň işindäki “sistema işlänok” diýen kemçilik aram-aram gaýtalanyp durýar. Adamlar muňa halys öwrenişipdirler.

“Sistema işlänok” diýlen kemçilik, adatça, müşderiniň müşderilere hyzmat edýän ofislerinde öz hasabyna pul geçirip bilmeýändigini aňladýar. Emma, telefon we skretç-kartlar arkaly öz hasabyny dolduryp bilýärdiler.

“Käwagt geçýär. Käwagt geçenok”

Ýöne bu gezek bu iki usul arkaly hem pul geçirmek örän kyn boldy. “Altyn asyryň” öz işgärleri hem skretç-kart ýa-da telefon arkaly pul geçirmekligiň kyndygyny tassyklaýarlar. “Käwagt geçýär. Käwagt geçenok” diýip, “Altyn asyryň” Ors bazaryndaky müşderilere hyzmat edýän ofisinde aýtdylar.

Emma “sistema işlänok” diýen kemçiligiň iki gün dowam etmegi hatda “Altyn asyr” mobil aragatnaşyk kärhanasy üçin hem adatdan daşary ýagdaý. Şonuň üçin bu prowaýderiň müşderilere hyzmat edýän işgärleriniň käbirlerinden bu aňlatmanyň aňyrsynda takyk nähili kemçiligiň bardygyny anyklajak bolduk.

“Özümizem bilemizok”

Ýöne, adatdaky bolşy ýaly, “Altyn asyryň” işgärleriniň hem köpüsi bu gezekki dörän ýagdaýyň sebäplerinden habarsyz bolup çykdy. Olar bu kemçiligiň haçan düzediljekdigi baradaky maglumaty hem berip bilmediler. “Özümizem bilemizok” diýip jogap berdiler.

“Altyn asyryň” häzirki emele gelen iki günlük “sistema işlänok” atly krizisi bu prowaýderiň 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda sany 3 milliona ýeten müşderilerine öz ýaramaz täsirini ýetirýändigine garamazdan, bu prowaýder ýurtdaky habar serişdeleri arkaly öz müşderilerine hiç hili düşündiriş bermedi.

Bu prowaýderiň ýaňy-ýakynda açylan ors dilindäki websaýtynda hem bu waka barada hiç hili maglumat berilmedi.

Şonuň üçin bu hili kemçiligiň bardygyny onuň müşderileriniň köpüsi öz hasaplaryny biljek ýa-da doldurjak bolanlarynda bilip galdylar.

“ ‘Altyn Asyr’ hiç hili duýduryş bermedi”

“Meniň ýaşaýan raýonymda suwy kesjek bolsalaram, häkimlikden habar berýärler. Ýöne, müşderilere mobil aragatnaşyk arkaly ýüzlenip bilýän “Altyn asyr” hiç hili duýduryş bermedi” diýip, aşgabatly telekeçi Ýazgeldi aýdýar.

Şol bir wagtda “Altyn asyryň” internet hyzmatlarynyň hem hiliniň soňky birki aý bäri has ýaramazlaşandygyny ildeşlerimiz aýdýarlar.

“Öňem bir derekli internet aragatnaşygy ýok welin, soňky döwür onuň internedi has-da erbetleşdi. Iň bärkisi kähalatlarda elektron poçtaňa hem girip bolmaýar” diýip, bu prowaýderiň müşderisi Kakamyrat aýdýar.

Türkmenistanyň prezidenti her bir hökümet maslahatynda mobil aragatnaşygyň we internediň ýurduň ösüşi üçin örän wajyp serişdelerdigini nygtaýar. Şol sebäpdenem bu ugurda ösüşleriň bolmalydygyny talap edýär.

Internediň hilini öwerden pes

Emma, muňa garamazdan, “Altyn asyryň” hödürleýän hyzmatlarynyň hili öwerden entekler örän pes. Hatda paýtagtyň käbir gür ilatly raýonlarynda entägem “signal tutmak” diýen ýaly, aragatnaşygyň hiliniň halys pesligini aňladýan, ýagdaý saklanyp gelýär.

“Biziň ýurdumyzyň çinownikleri prezidentiň sözlerine kanun ýaly garaýarlar. Emma ol hem şu “Altyn asyra” diýenini etdirip bilenok öýdýän. Ýa-ha prezidentiň sözlerine olar boş gürrüň ýaly biparh garaýarlar. Ýa-da asla işlerini oňaranoklar öýdýän” diýip, Kakamyrat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde öz pikirini beýan etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG