Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bangladeş: Yslamçy lidere ölüm jezasy berildi


Ghulam Azam. 15-nji iýul, 2013 ý.

Ghulam Azam. 15-nji iýul, 2013 ý.

Bangladeşiň sudy ýokary derejeli yslamçy bir lideri uruş jenaýatlary üçin, ölüm jezasyna höküm etdi. 65 ýaşly Ali Ahsan Mohammad Mojaheed 1971-nji ýylda Pakistandan aýrylmak boýunça bolan garaşsyzlyk urşunda jenaýatlary amala aşyrmakda aýyplanýardy.

“Jamaat-e Islami” partiýasynyň hem lideri Mohammad Mojaheed çarşenbe güni suduň karary bilen gennosid, adam öldürmek ýaly aýyplamalar boýunça günäli tapyldy. Onuň aklawçylary suduň bu kararyna şikaýat etjekdiklerini aýdýarlar.

“Jamaat-e Islami” partiýasy suduň çykaran hökmüne garşy çarşenbe güni ýurt boýunça protestleri geçirmäge çagyrdy.

Duşenbe güni hökümetiň gözegçiligindäki Halkara jenaýat tribunaly “Jamaat-e Islami” partiýasynyň başga-da bir wekilini uruş jenaýatlarynda günäli tapypdy. Ghulam Azam 90 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Bangladeşiň hökümetiniň berýän maglumatyna görä, uruş döwri Pakistanyň harbylary we olaryň “Jamaat-e Islami” ýaly ýerli tarapdarlary 3 milliona golaý adamy öldüripdir, şeýle-de 200 müňe golaý aýaly zorlapdyr. Hökümetiň berýän bu sanlary käbir garaşsyz derňewçileri tarapyndan soraga alynýar.
XS
SM
MD
LG