Sepleriň elýeterliligi

Täjik gyzy gözellik bäsleşiginde


Niso Muborakşoýewa

Niso Muborakşoýewa

Täjigistanly Niso Muborakşoýewa Orsýetiň “Russian Beauty” bäsleşiginiň internet arkaly online geçirilýän ses berilişiginde ikinji oruna eýe boldy. Bu bäsleşigiň soňky tapgyry güýzde geçiriler.

Niso Muborakşoýewa Täjigistanyň Duşanbe şäherinde dogulyp, ol kiçi wagty onuň maşgalasy ilki başda Täjigistanyň Çkalowsk şäherine, soňra-da Moskwa göçüpdir.
Häzirki wagtda Niso Moskwanyň Plehanow adyndaky uniwersitetiniň talybydyr.

Azatlyk Radiosynyň Niso Muborakşoýewa bilen geçiren söhbetdeşliginde, ol özüniň “Russian beauty” bäsleşigine gatnaşmagy we durmuşy barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen özüňiz barada gürrüň beräýseňiz?

Niso: Men Duşanbe şäherinde doguldym. Men başda birinji we ikinji synplary Lenin Abbas adyndaky mekdepde okadym. Soňra Moskwa göçüp gaýtdyk. Üçünji synpdan başlap, Moskwada okap başladym.

Häzirki wagtda men okaýaryn we okuwyň ýanyndan hem model bolup işleýän. Şeýle-de men TODES tans ansamblynda birnäçe ýyl bäri tans edýärin. Ýöne häzirki wagtda men tans bilen meşgullanmagymy wagtlaýynça togtatdym.

Azatlyk Radiosy: Moskwada nirede okadyňyz?

Niso: Men 11-nji synpymy Moskwada tamamladym. Häzirki wagtda men Plehanow adyndaky ýokary okuw jaýyna ýerleşdim we bu ýerde okuwymy dowam edýärin.

Azatlyk Radiosy: Mundan ozal hem şeýle gözellik bäsleşiklerine gatnaşypdyňyzmy ýa-da şu sapar ilkinji gezek gatnaşýarsyňyzmy?

Niso: Ilki men öz uniwersitetimizde geçirilýän gözellik bäsleşiginde, ýagny ”Miss uniwersitete” gatnaşdym. Soňra Moskwanyň söwda merkezleriniň birinde geçirilýän Miss “Assi Mol” atly gözellik bäsleşigine gatnaşdym. Ondan daşgary men reklamalarda surata düşýärin we moda şoularynda çykyş edýärin.

Men iň soňky sapar Samsungyň täze çykan telefonyny hödürleýän reklamada surata düşdüm. Ýöne, elbetde, onda meniň ýüzümiň ähli ýeri görnenok, onda meniň diňe ýylgyryşym görünýär.

Azatlyk Radiosy: Siz “Russian Beauty” atly geçiriljek bäsleşige gatnaşmak üçin ilkibaşda nämeler etdiňiz?

Niso: Men özümiň suratymy we terjimehalymy ugratdym. Soňra-da olar maňa jaň etdiler we bäsleşigiň öň ýanynda halk köpçüligi tarapyndan geçirilýän ses berişlige gatnaşmaga mümkinçilik gazanandygymy aýtdylar.

Men halk köpçüligi tarapyndan berilýän ses berişlikde ikinji orna mynasyp boldum. Şol ses berişlikde hem men 3 müň töweregi ses aldym we maňa hiç tanamaýan adamlarymdan ençeme oňyn teswirler gelip gowuşdy. Soňra-da üstünlik gazanan gyzlaryň ählisine kasting synagy geçirildi.

Şonda hemmeler täjigistanly gyzlaryň hem şeýle owadandygyna haýran galdylar we men hem hemme kişä biziň täjik gyzlarymyzyň nähili owadandygyny görkezmek isledim. Bizde hemme zat köne döwürdäki ýaly däl. Biziň hemme zady gowy aýdyňlaşdyryp biljek döwrebap gyzlarymyz bar.

Şol geçirilen kastingiň yz ýany meniň konkursdan geçendigimi aýtdylar. Jemi 100 gyzdan 11 sanysy final tapgyrda ýaryşmak üçin soňky topara galdylar. Şeýle-de, bäsleşigi gurnaýjylar kastingiň ýene bir tapgyryny geçirip, ýene-de gyzlary saýlamakçy bolýarlar.

Ýöne şu wagt tomus bolany sebäpli köp gyzlar dynç alyşda ýa-da olaryň başga işleri bar şol sebäpden hem gyzlary ýygnap bilmediler. Netijede bäsleşigiň final tapgyry güýzde geçiriler.

Azatlyk Radiosy: Bäsleşigiň soňky tapgyry güýzde geçiriler diýdiňiz. Bu barada giňişräk gürrüň beräýseňiz?

Niso: Güýzde bäsleşigiň soňky tapgyry bolar. Fotosessiýalar, videofilme surata alyş, reklamalar bolar. Şolaryň netijesinde hem biz özümize bal, ýagny utuk ýygnarys. Netijede-de bu tapgyrda özüni gowy görkezip bilen dalaşgär gyz bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. Bäsleşikde iň esasy zat goldaw, halkyň goldawy gerek bolýar.

Azatlyk Radiosy: Size gelen teswirleriň arasynda käbir oňyn bolmadyk teswirler hem bar. Ýagny, käbirleri siziň täjikleri masgaralaýandygyňyz barada teswir galdyrypdyrlar. Siz bu barada näme pikirde?

Niso: Bilýäňizmi, men şeýle adamlara asla üns beremok. Bular ýaly adamlaryň etmäge işi ýokmuka diýýärin ýa-da näme etjegini bilmän, şeýle zatlar ýazýandyrlar öýdýärin. Sebäbi men erbet zat edemok we edýän zadymy hem erbetdir öýdemok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG