Sepleriň elýeterliligi

Nawalny dalaşgärlige hasaba alyndy


Alekseý Nawalnynyň dalaşgärlik şahadatnamasy

Alekseý Nawalnynyň dalaşgärlik şahadatnamasy

Moskwanyň Saýlaw komissiýasy oppozisiýa aktiwisti Alekseý Nawalnyny sentýabr aýynda Moskwanyň häkimi ugrunda geçiriljek saýlawlara, resmi taýdan, dalaşgär hökmünde hasaba aldy.

Saýlaw komissiýasynyň başlygy Walentin Gorbunow bu barada çarşenbe güni yglan etdi.

Emma, Nawalnynyň özi komissiýa gelip, hasaba alyş şahadatnamasyny elin alyp bilmedi. Ol penşenbe güni Kirowda onuň galp pullary ýuwmak aýyplamalary boýunça geçirilýän sud diňlenşigine ýola düşmäge taýýarlanýardy.

Eger-de onuň günäsi subut edilse, onuň tussaglyga alynmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG