Sepleriň elýeterliligi

Putin: ABŞ gatnaşyklarymyz has möhüm


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin orsýet-amerikan gatnaşyklarynyň gaçgak Edward Snowdeniň işinden has möhümdigini aýtdy. Putin: “Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz, howpsuzlyk gulluklarynyň işiniň daşyndaky çekeleşiklerden has möhümdir” diýip belledi.

Putin Snowdeniň işi barada çarşenbe güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Orsýet tarapynyň Snowdene orsýet-amerikan gatnaşyklaryna zyýan ýetirip biljek hereketlerini kabul etmejekdigini duýdurandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň gizlin gulluklarynyň öňki işgäri Snowden 23-nji iýundan bäri Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda gizlenýär. Ol Orsýetde wagtlaýyn gaçybatalga sorady.

ABŞ Snowdeni talap etdi

Birleşen Ştatlar Orsýetden Snowdeniň berilmegini talap edýär.

Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý sişenbe güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Waşingtonyň pozisiýasyny ýene-de bir gezek malim etdi. Ak Tamyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, Waşington Snowdeniň halkara derejesinde hereket etmegi üçin oňa Birleşen Ştatlara uçmakdan başga mümkinçilik döretmeli däl diýip hasap edýär.

“Ol adam hukuklaryny goraýjy aktiwist däl. Ol dissident däl. Ol syrly maglumatlary paş etmekde günälenýär” diýip, Jaý Karneý bu ugurda öz hökümetiniň pozisiýasyny beýan etdi.

Soňky üç hepdesini Moskwanyň aeroportunyň tranzit zonasynda geçiren Snowden hepdäniň sişenbe güni Orsýetden wagtlaýyn gaçybatalga sorady.

Waşington ABŞ-nyň gizlin gulluklarynyň ozalky işgäri Edward Snowdeni global derejede alnyp barylýan amerikan gözegçilik programmalaryna degişli syrly maglumatlaryň üstüni açmakda günäläp, ony sud etmekçi bolýar.

Snowden üçin başpena

Latyn Amerikasynyň ençeme ýurdy Snowdene gaçybatalga teklip etdi, emma ol bu ýurtlara barmakdan heder edýär. Şu aýyň başynda Boliwiýanyň prezidentiniň uçary Orsýetden öz ýurduna barýarka Ýewropada durzulypdy we barlanypdy. Sebäbi onuň içinde Snowden bardyr diýlip güman edilipdi.

Orsýetiň prezidentiniň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň başlygy Mihail Fedotow sişenbe güni çykyş edip, BMG Snowdeniň hemişelik başpena beriljek ýurtda ýerleşmegi kepillendirilýänçä, oňa wagtlaýyn gaçybatalganyň berilmelidigini aýtdy.

Şu hepdäniň duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Snowdeniň Orsýete gelmegini Birleşen Ştatlar tarapyndan edilen “islenmedik bir sowgat” bolandygyny aýtdy. Şeýle-de Putin ABŞ-nyň beýleki ýurtlara basyş etmegini we Snowdeni kabul etmezligi talap etmegini özüniň ýazgarýandygyny aýtdy.

Ak Tam Orsýeti Snowdeniň gaçybatalga sorap ýazan ýüzlenmesini kanagatlandyrmazlyga çagyrdy. Jaý Karneý bu kararyň Putine baglydygyny aýtdy.

Orsýetiň Federal Migrasion gullugy Edward Snowdeniň başpena sorap eden ýüzlenmesine üç aýyň dowamynda garajakdygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG