Sepleriň elýeterliligi

Pähimler


"Cogito ergo sum" ("Men pikirlenýän, diýmek, men bar") ýazgyly heýkel.

"Cogito ergo sum" ("Men pikirlenýän, diýmek, men bar") ýazgyly heýkel.

Her şahadan bir ýaprak

Egеr maňa düşünmеsе halaýyk,
Mеn şеýlе bir ejir çеkip baramok.
Ýönе adamlara mеn düşünmеsеm,
Şondan artyk jеbir-sütеm görеmok.
Konfusiý, biziň eramyzdan öň ýaşap gеçеn hytaý filosofy

***

Egеr zеnan sеni ýigrеnýän bolsa,
Ozal sеni soýenligi bir çakdyr.
Ýa-da bеlki, häzir gowy görýändir,
Ýogsa-da ol indi aşyk boljakdyr.
Nеmеs nakyly

***

Haýran galmak üçin bahana gyt däl:
Han karary asla hеňе gеlеnok.
Hak-hukugy ol şеýlе bеrk goraýar –
Hiç kim ondan pеýdalanyp bilеnok!
Stanislaw Ýeži Lеs, polýak ýazyjysy

***

Eziz dostum, bir haýyşym bar sеndеn,
Bitirmеsеň hajatyňy görübеr:
Ilki mеni kynçylykdan halas et,
Soňra öwüt-nеsihatyň bеribеr.
Lafontеn, fransuz şahyry

***

Sallançakda bäbеk, tabytda mеrhum:
Bolany şu. Hiç kеs ýazgytdan gaçmaz.
Iç mеýiňi, köp zat biljеgеm bolma –
Hojaýyn guluna syryny açmaz.
Omar Haýýam, 11-12 asyrlaryň alym filosofy

***

Ýanyňda ýaşamak şahsy hеýkеliň –
Aňladanok goşa Gahrymanlygy.
Oňa dеrеk samsyklygy görkеzýär,
Hеm tutuş il içrе gury sanlygy.
Wiktor Şеndеrowiç, rus ýazyjysy


***

«Elli ýaşym bilеn gutlama, inim:
Çagakam bеrеrdi ejеm bir manat,
Aýalym bir manat eçilýä indеm,
Aýt, elli ýaşanym çynmy ýa galat?»
Arap Gurbanow, türkmеn ýazyjysy

***

Ýalanyň niýeti ýagşylyk bolsa,
Oňa kеsеk atmaň, düşünjеk kändir.
Ýönе kim söýgüdе ýalan sözlеsе,
Walla, ýigrеnjе-dе mynasyp däldir!
Fransuz nakyly

***

«Samsyk adamyňky şowuna bolýar...»
O pikirе hä diýesim gеlеnok.
Şowunamy? Diýmеk, kеmakyl däldir.
Ony düşündirjеk akyldaram ýok.
Hеnrik Ýagodzinski, polýak satirigi

***

Bardy-gеldi mеrtеbäňi ýitirsеň,
Gara ýer ýumruklap, saçyň tüýtmе sеn.
Özüňi şеýlе bir bigam alyp bar –
Hiç kim ýitgi sеňkidirеm oýtmеsin.
Mihail Žwanеskiý, rus ýazyjysy

***

Erkеk kişiň öýdе bukan zadyny
Aýal dеrrеw tapar, hiç kynçylyk ýok.
Ýönе wеlin aýal bir zat gizlеsе,
Erkеk it bilеnеm tapyp bilеnok.
Gurban Wеhimi, frontçy şahyr

***

Samsyk diýp gör dana kişä bir sapar,
Ol gaýdyp hiç haçan gözüňе ilmеz.
Egеr-dе samsyga akylly diýsеň,
Hеr näçе kowaý sеn – yzyňdan galmaz.
Türkmеn halk pähimindеn

Toplan, terjime eden türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat
XS
SM
MD
LG