Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Polisiýanyň eden-etdiligi protest döretdi


Protestçiler Kiýewiň polisiýa bölümine hüjüm edýärler, 12-nji iýun, 2013.
Protestçiler Kiýewiň polisiýa bölümine hüjüm edýärler, 12-nji iýun, 2013.

Ukrainanyň polisiýasynyň eden-etdilikleri, şol sanda onuň zorluga, gynamalara, parahorluga we adam öldürilmegine baş goşmagy baradaky maglumatlar Kieýewde protest geçirmek çagyryşlarynyň döremegine sebäp boldy. Oppozisiýa 18-nji iýula planlaşdyrylýan protestlere prezident Wiktor Ýanukowiçiň hökümetine basyş etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýar.

Eýýäm 10 gün bäri ona golaý adamdan ybarat topar Ukrainanyň Wradiýiwka şäherçesinden Kiýewe tarap 300 kilometrlik ýoldan pyýada ýöräp barýar.

Olaryň gahar-gazaba münüp, başyny başlan bu aksiýasynyň 18-nji iýulda Kiýewiň merkezinde polisiýanyň eden-etdiliklerine garşy protest bilen dowam etdirilmegine garaşylýar.

Bu topar öz problemalary çözülýänçä Garaşsyzlyk meýdançasynda galmagy planlaşdyrýar. Oppozisiýa protestçileri goldamak bilen polisiýanyň bikanunçylykly hereketleriniň daşyndaky problemalara prezident Wiktor Ýanukowiçe we onuň “Regionlar” partiýasyna basyş etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýar.

“Swoboda”, ýagny ”Azatlyk” atly oppozision partiýanyň agzasy we milli parlamentiň deputaty Andriý Illienko ukrain polisiýasy “bihaýalyk, ukrainofobiýa we öz işini bilmezlik taýdan ähli çäklerden geçdi” diýip belledi.

Itergi beren waka

Ukrainada köpden bäri polisiýa gynamalar, parahorluk, zorluklar we adam öldürmek ýaly hereketlere baş goşmakda aýyplanyp gelýär. Emma geçen aýyň aýagynda Wradiýiwka şäherçesinde bir zenanyň özüniň iki polisiýa ofiseri hem bir graždan adam tarapyndan urlup-ýenjilendigi we zorlanandygy barada aýtmagy polisiýa garşy gaharly çykyşlary güýçlendirdi.

Wradiýiwkada polisiýanyň öňünde birnäçe günläp geçirilen çykyşlardan soň protestçiler Kiýewe baryp, bu ýerde köpçülikleýin aksiýany geçirmegi planlaşdyrdylar.

Protestçiler Kiýewe tarap barýarkalar, ýol ugrundaky Fastiw şäherinde sowlup, 16-njy iýunda ýerli polisiýa bölüminde gynamalar üçin otaglaryň bardygy baradaky maglumatlary barlamaga synanyşdylar. Emma polisiýa protestçileriň öz edarasyna girmegine ýol bermedi.

Polisiýanyň eden-etdiligi

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda raýatlaryň polisiýanyň eden-etdilikli hereketlerinden ejir çekmegi bilen bagly wakalar Ukrainanyň ähli böleklerinde diýen ýaly hasaba alnypdy.

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy 2011-nji ýyldan bari polisiýany reformirlemäge çagyryş edip gelýär.

Ýurduň içeri işler ministriniň öňki orunbasary, häzir “UDAR” atly oppozision partiýanyň agzasy Mykola Palamarçuk “polisiýa ýurduň häkimiýetleriniň hakyky ýüzüni görkezýär” diýip hasap edýär.

Hökümet ýurtda polisiýa garşy güýçlenýän çykyşlara çäkli jogap berdi. Prezident Ýanukowiç Wradiýiwkada bolup geçen wakanyň derňewini öz gözegçiligine alandygyny we günäkärleriň jezalandyryljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG