Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýnagözel: “Gaz sebäpli gaty kösenýäris”


Elektrik gyzdyryjy abzallar. Türkmenistan
Elektrik gyzdyryjy abzallar. Türkmenistan
Geçen anna güni prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň mejlisiniň giňişleýin maslahatynda eden çykyşynda, ýurduň etrapdyr obalarynda sosial maksatly alnyp barylýan işler, bu pudaga goýberilýän maliýe serişdeleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň lideriniň beren maglumatyna görä, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, jemi 2 milliard 552 million 600 müň manatdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirilipdir.

Prezident oba ýerlerinde gaz we suw geçirijileriniň, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň dagy çekilendigini hem sözüne goşdy.

Emma, ýurduň çetinde ýaşaýan ýerli ilat suw, elektrik we gaz üpjünçiliginden belli bir derejede kösenýändigini aýdýar.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy 42 ýaşly Aýnagözel gaz ýetmezçiligi sebäpli, gyşlaryna has kyn günleri başdan geçirmeli bolýandyklaryny aýdýar.

XS
SM
MD
LG