Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" Malala yzyna dolansyn diýýär


Pakistanyň “Talyban” hereketiniň komandiri beýanat ýaýradyp, onda Malala Ýusufzaýa "Talybanyň" aýal-gyzlaryň bilim almagyny inkär edýän tagallalaryna garşy alyp baran kompaniýasy üçin hüjümiň edilmändigini aýdýar.

Adnan Raşid 16 ýaşly Malala "Talybanyň" yslam gymmatlyklaryna daýanýan häkimiýeti döretmek ugrundaky tagallalaryny tankytlap ýazan “prowokatiw ýazgylary” üçin hüjümiň edilendigini aýtdy.

Dört sahypalyk beýanatynda, Raşid Malala hüjüm edendikleri üçin ökünýändigini, ýöne munuň üçin ötünç soramaýandygyny belläpdir.

Şeýle-de Raşid Malala edilen hüjümiň öňüni almak üçin, oňa “Talybana" garşy iş alyp barýan aktiwistlerden gaça dur” diýsedim diýip, hatynda nygtaýar.

Raşid, Malalanyň yzyna - Pakistana dolanmagyna, onuň gyzlaryň yslam mekdebine ýazylmagyna we “öz galamyny yslam üçin ulanmagyna” çagyryş etdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Swat jülgesinde, mekdep okuwçysy Malala we onuň iki synpdaşyna “Talyban” hereketi tarapyndan amala aşyrylan hüjüm halkara derejesinde seslenme döredipdi.
XS
SM
MD
LG