Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nelson Mandela 95 ýaşady


Günorta Afrikanyň öňki prezidenti Nelson Mandela heniz hem keselhanada, ýöne onuň ýagdaýy gowulaşýar. Bu barada Günorta Afrikanyň prezidenti Ýakob Zumanyň penşenbe güni ýaýradan beýanatynda bellenýär.

Nelson Mandela penşenbe güni, ýagny 18-nji iýulda 95-nji doglan gününi belleýär. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we onuň aýaly Mişel Obama Mandelanyň doglan gününi gutlap, oňa gowy doga-dilegleri arzuw edýändiklerini aýtdylar.

BMG Mandelanyň hatyrasyna 18-nji iýuly "Nelson Mandelanyň halkara güni" diýip yglan etdi.

Mandela öýken näsazlyklary sebäpli 8-nji iýunda Pretoriýadaky keselhana ýerleşdirilipdi. Şondan soň, onuň ýagdaýy agyrlaşypdy.
XS
SM
MD
LG