Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Özbek diasporasynyň lideriniň jesedi tapyldy


Täjik resmileri özbek diasporasynyň lideri Salim Şamsiddinowyň jesediniň goňşy Özbegistandaky derýanyň boýunda tapylan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
Bu barada penşenbe güni Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň Hatlon regionyndaky bölüminiň başlygy Anwar Tagoýmyradow habar berdi.

Tagoýmyradowyň aýtmagyna görä, Özbegistanyň resmileri täjik ýolbaşçylaryna Şamsiddinowyň jesedini aprel aýynda tapandyklaryny aýdypdyrlar, ýöne bu barada habar bermegi näme üçin soňa goýandyklary barada maglumat bermändirler.

Tagoýmyradow, özbek resmileriniň beren maglumatyna görä jesediň daşky keşbi mart aýynda ýitirim bolan Şamsiddinowyňky bilen utgaşýar, diýdi.

Şamsiddinowyň garyndaşlary özbek resmileriniň ugradan suratyna seredip, takyk bir zady aýtmagyň kyndygyny bellediler.

Şamsiddinowyň gyz dogany Harnisso Ýarowa jesedi anyklamak üçin Özbegistana gitjekdigini habar berdi.

“Amnesty International” guramasy, Şamsiddinowyň ýitirim bolmagyny “syýasy maksatly alyp gaçma bolmagynyň mümkindigini” aýdyp, 26-njy martda beýanat ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG