Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Nawalna bäş ýyl iş kesildi


Orsýetiň Nawalny sudy

Orsýetiň Nawalny sudy

Orsýetiň Kirow şäher sudy oppozisiýa aktiwisti Alekseý Nawlnyny döwlet emlägini öz haýryna geçirmekde günäli tapyp, oňa bäş ýyl türme tussaglygyny bermek barada höküm çykardy.

Nawalny bu işiň syýasy äheňlidigini aýdýar.

Sudýa Sergeý Blinow penşenbe güni Nawalnynyň günäli hökümini yglan etdi:

"Sud Alekseý Anatolewiç Nawalnyny Orsýetiň 2011-nji ýylyň 7-nji martyndaky Jenaýat kodeksiniň 33-nji maddasynyň 3-nji bölegi, 160-njy maddasynyň 4-nji bölegi lary esasynda günäli tapyp, oňa bäş ýyl türme tussaglygyny berýär."

Şeýle-de sudýa Nawalnynyň döwlete 500 müň rubl, ýagny 15 müň 400 dollar möçebrinde jerime tölemelidigini we tussaglyk möhletini umumy düzgünli koloniýada geçirmelidigini aýtdy.

Nawalny we onuň iş şärigi Petr Ofiserow 2009-njy ýylda 500 müň dollarlyk agaç materialyny ogurlamakda we bikanun ýol bilen satmakda aýyplandy. Ofiserowa 4 ýyl türme tussaglygy berildi.

Nawalnynyň aklawçysy Sergeý Kobelew öz müşderisiniň bu hökümden şikaýat etjegini aýdýar.
A.Nawalnynyň aýaly Ýulia sud otagynda, 18-nji iýul, 2013 ý.

A.Nawalnynyň aýaly Ýulia sud otagynda, 18-nji iýul, 2013 ý.


“Kirowles” kompaniýasynyň direktory Wýaçeslaý Opalew sud mahalynda Nawalnynyň garşysyna görkezme berdi we sudýa onuň aýdan zatlaryny “ynandyryjy we esasly” diýip bilendigini aýtdy. Opalew Nawalny bilen dil düwşendigi üçin özüniň günäkärdigini aýtdy we oňa şertli iş kesildi.

Nawalnyý Opalewiň özüne töhmet atandygyny, sebäbi özüniň “Kirowles” kompaniýasynyň direktorynyň işden boşadylmagyny we işiniň derňelmegini maslahat berendigini aýtdy.

Sudýa Sergeý Blinow penşenbe güni suduň kararyny anyklaşdyryp, şeýle diýdi:

"Nawalnyý öz hususy bähbitlerinden ugur alyp, bile sud jogapkärçiligine çekilen tanşy Ofiserow bilen “Kirowles” kompaniýasynyň emlägini öz kontrolluklarynda täze döredilen, Ofiserow tarapyndan esaslandyrylan we ýolbaşçylyk edilýän guramanyň haýryna geçirmek baradaky jenaýatçylygy gurnady we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek planyny işläp düzidi."

Ofiserow Kirowda ýerleşýän “Wýatka” agaç komapniýasynyň baş direktorydy.

Kremliň tankytçysy

Nawalny Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň berk tankytçysy we bu jenaýat işiniň özüni ýuwaşatmak we syýasatdan çetleşdirmek üçin gozgalandygyny aýdýar.

Sudýa sudda Nawalnynyň bu jenaýat işi syýasy äheňli diýmesiniň esassyzdygyny, onuň jenaýat işini derňän derňewçileriň ýa ekspertleriň tarap tutanlygy barada hiç bir delil getirip bilmändigini aýtdy.

Çarşenbe güni Nawalnynyň geljekki saýlawda Moskwa şäher häkimligine kandidat hökmünde bäsleşige gatnaşjagy tassyk boldy. Emma onuň kampaniýa menejeri Leonid Wolkow Nawalnynyň bäsleşikden çekilmek barada deslapdan karara gelendigini aýtdy.

Wolkow “Eho Moskwy” radiosyna özleriniň Nawalnynyň tarapdarlaryny bu saýlawy boýkot etmäge çagyrjakdyklaryny aýtdy.

Garaşsyz “Lewada” merkeziniň geçiren pikir soraşlygy Nawalnynyň şäher häkimligine geçirilen saýlawda, sesleriň 8 prosentini alyp, ikinji orunda geljegini görkezýär. Bu saýlawda Kremle wepadar häkim Sergeý Sobýanyn arkaýyn ýeňiş gazanar diýlip çaklanylýar.

"Syýasy äheňli höküm"

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton Nawalnynyň we Ofiserowyň türmä basylmagyny ýazgarýan beýanat ýaýratdy. Onda bu iki adama ýüklenen “aýyplamalaryň sud mahalynda esaslandyrylmandygy” aýdylýar. Şeýle-de beýanatda, bu “netijäniň, prosedura kemçilikleri bilen, Orsýetde kanunyň hökmürowanlygy barada çynlakaý soraglary döredýändigi” aýdylýar.

Hukuk toparlary hem suduň kararyny tankyt etdiler. Halkara günä geçiş guramasynyň Moskwa bölüminden Sergeý Nikitin “Nawalna garşy höküm Orsýetde adam hukuuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyn şaýatlyk edýär” diýdi. Orsýetiň “Memorial” hukuk toparynyň wekili Aleksandr Çerkasow bolsa, suduň bu kararyny “syýasy äheňli” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG