Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Basym doldurarys


Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy
Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy
Köp içmerin, ...köp azar bermerin

Ýazyjylar birleşiginde işleýän döwrümiz ýazyjy-şahyrlar bolup, çenden-ýarym meýdana çykyp, meýlis-şagalaň etmämiz bardy. Ýöne aňrujy ýagdaýyny tapsak, ýaşy bir çene baran, saglyk ýagdaýy oňat bolmadyk ýa-da çenini bilmän, göterýäninden artyk içýän galamdaşlarymyzdan ogryn giderdik.

Çeper edebiýaty wagyz ediş býurosynda režisýor-guramaçy bolup işleýän şahyr Juma Orazow öňdäki sanawyň üçüsine-de degişli adamdy. Bir gezek meýdana çykmak üçin awtoulaglara münjek bolup duran wagtymyz Juma kaka ýerden çykan ýaly oslagsyz peýda boldy. Öňem kän gezek gapyl galan Juma kaka bu sapar bizi sypdyrjak däldi. Ol maňa:

- Başlyk, näme üçin her sapar meni taşlap gidýärsiňiz? -diýdi. Meniň ýagdaýym gapyllykda garşdaşyna ýesir düşen esgeriň ýagdaýyndan enaýy däldi:

- Juma kaka, çenden gijesine-de meýdanda galýarys. Biziň, ýaş-ýeleňleriň aýagyna eýermersiň diýip, howatyr edýäris. Saglygyňy aýap, goýup gidýäris -diýip, sypjak boldum. Ol “Hä, şeýlemi?!” diýip, gaýra tesmedi:

- Başlyk, “Artykmaç içer, meýlisi bozar” diýip, goýup gidýäniňi bilýärin. Ýöne bir zada ynan, bir arakkeşden artykmaç içmerin, içip serhoş bolsam, bir serhoşdan artykmaç azar bermerin -diýdi. Bu sözden soňra bahana gözleseň, ýaşuly şahyr çyny bilen öykelejekdi. Oňa:

- Juma kaka, meniň maşynyma mün, çöle ýetýänçäk aga-ini bolup, gürleşip gideris -diýdim.

Ýar owazy geldi

Türkmenistanda ýokary, ýörite okuw jaýynyň studenti bolmak aňsat iş däl. Okuw okamaly, syýasy-köpçülik çärelerine gatnaşmaly. Olardan boş wagtyň mugallymlaryň öý-hojalyk işlerine kömek etmeli. Şäheriň daşyndaky daça ýerlerinde işlemeli. Sapar Öräýewiň aýaly Arzygül Matkarimowa Aşgabadyň pedagogiki uçilişesinde mugallym bolup işleýärdi.

Her ýekşenbede uçilişäniň 6-7 studentini ir ertirden giç agşama çenli Berzeňňidäki daça ýerlerinde işledýärdi. Gün günorta bolanda Sapar olara nahar getirýärdi. Bir gezek Sapar geler ýerde gelmedi. Bu ýagdaýa Arzygülüň gahary gelip, içini it ýyrtýardy. Ýöne studentlere sepini bildirmän:

- On-on bäş minut işe güýmeneliň, oňa çenli Sapar-da geler -diýýärdi. Olar esli salym işledi. Sapar gelenokdy. Sapar Öräniň daçasyndan 100-150 metr daşlykda çopan bir bölek dowar bakyp ýördi. Arzygül 4-nji gezek “On-on baş minut işe güýmeneliň…” diýende çopanyň eşegi aňňyrdy. Sapara garaşyp sabyr käsesi dolan Arzygül sesine nazym berip:

- Ýar owazy geldi, özi gelmedi -diýip, aýdyma başlady.

Basym doldurarys

Nyýazow Balkan welaýatynyň häkimi bilen bir maşynda bile barýar. Olar Nebitdag şäheri bilen Jebel şäherçesiniň arasynda ýerleşýän Gara ahun gonamçylygynyň deňine ýetende Nyýazow:

- Näme üçin beýle uly meýdanyň daşyna haýat aýlapsyňyz? Gonamçylykdaky boş meýdan mazarlaryň tutýan meýdanyndan elli-altmyş esse uly. Beýtmek bolmaýar -diýip, igenipdir. Welaýat häkimi:

- Gonamçylykdaky boş ýerleri doldurarys, juda basym doldurarys, Beýik Serdarym! Ant içýärin, sözüm sözdür, sözümde tapylaryn -diýip, Nyýazowy köşeşdiripdir.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG