Sepleriň elýeterliligi

Daşardaky türkmenistanlylaryň pasport kynçylygy


Pasport edarasyndaky nobat

Pasport edarasyndaky nobat

Türkmenistanda täze biometrik pasportlar doly güýje girizilip, köne pasportly türkmenistanlylara indiden eýläk uçar biletleriniň satylmajagy, ýa-de beýle ýolagçylaryň daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalaryna ýüz tutmalydygy belli bolandan soň, daşary ýurtlarda okaýan ýa işleýän ildeşlerimiziň arasynda gaýgy-aladanyň köpelendigi eşidilýär.

Mysal üçin, olaryň käbiri daşary ýurtlara kanuny esasda çykyp, kanuny esasda hem ýaşaýan bolsa, durmuş, iş, okuw, maddy we maliýe kynçylyklary sebäpli yzyna wagtynda dolanyp bilmedik, eger yzyna dolansa, "häkimiýetler tarapyndan yzarlanaryn ýa-da gara sanawa salnyp, belli bir wagta çenli ýurtdan çykyp bilmerin, işimi, okuwymy ýtirerin" diýip alada edýänler hem bar.

Mundan başga, eger türkmen ilçihanlaryna ýüz tutsam, özümiň nirede näme iş bilen meşgullanýandygymy bildirsem, olar diňe meniň özüme däl, yzymda galan garyndaşlaryma hem basyş eder diýýän türkmenistanlylar hem bar.

Bu aladalar, aýdylmagyna görä, daşary ýurtlarda okaýan, işleýän türkmenistanlylaryň bir toparynyň alaçsyz türkmen raýatlygyndan el çekmek, ýaşaýan ýerlerinden oturym durumyny soramak pikirine gelmegine itergi berýär.

Azatlyk Radiosynyň bu meselä bagyşlan “Tegelek stol” söhbetdeşligine ýerli synçylar, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, hukuk goraýjy aktiwist Muhammet Kelemenow, Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Akmuhammet Welsapar dagy gatnaşdy.

Söhbetdeşligi diňläp, pikirleriňizi, bellikleriňizi ýazsaňyz, hoşal bolardyk.


Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG