Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alekseý Nawalny boşadyldy


Kirow şäheriniň sudy oppozision lider Alekseý Nawalnyny boşatmak barada karar çykardy. Munuň öňüsyrasynda Nawalnyý ogurlykda aýyplanyp bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Hepdäniň anna güni prokurorlar Nawalnynyň özüne çykarylan höküme gaýtadan garamagy sorap beren arzasyna seredýänçä ony boşatmak barada suda ýüz tutdular.

Sud oppozision lideriň Moskwanyň meri wezipesine dalaş etmegini onuň boşadylmagyna sebäpleriň biri hökmünde getirdi. Sudýa Nawalnynyň tussaglykda bolmagynyň onuň beýleki dalaşgärleriň öňünde deňsizligine getirip biljegini belledi.

Nawalnyý ýurdyň daşyna çykmazlyk şerti bilen boşadyldy.

Hepdäniň penşenbe güni Kirowyň başga bir sudy Nawalnyny we Petr Ofiserowy 2009-njy ýylda ýerli şirketleriň birinden ýarym million dollar mukdarda pul ogurlamakda günäli tapdy. Nawalnynyň sud edilmegi Günbatar döwletleri tarapyndan syýasy sebäpler bilen bagly bolmakda tankyt edildi.
XS
SM
MD
LG