Sepleriň elýeterliligi

Kerri Palestina bilen gepleşik geçirdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Palestinanyň ýokary derejeli wekili Saeb Erekat bilen duşuşyp Ysraýyl bilen parahatçylykly gepleşiklere gaýtadan başlamak meselesini gozgady.

Anna güni Ammanda geçirilen bu duşuşykda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri geçirmek üçin Palestinanyň öňe sürýän şertleri maslahat edildi. Palestina Ysraýylyň 1967-nji ýyldan ozalky serhetleri ykrar etmegini isleýär. Ysraýyl bolsa gepleşiklere öňünden şert goýulmazdan başlamak isleýär.

Kerriniň şu hepdede Ýakyn Gündogara edýän bu sapary onuň şu ýylyň başyndan bäri regiona edýän altynjy wizitidir. Kerri 2010-njy ýylda Ysraýylyň basyp alynan Günbatar kenarda we Günbatar Iýerusalimde ýaşaýyş nokatlaryny gurup başlamagy sebäpli togtadylan gepleşikleri gaýtadan janlandyrmak isleýär.

Penşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen telefon arkaly gepleşdi we gepleşikleri “mümkin boldugyndan tiz” ýola goýmaga ündedi.
XS
SM
MD
LG