Sepleriň elýeterliligi

“Musulman doganlar” aksiýa gurnaýar


Müsüriň “Musulman doganlar” atly topary anna güni Kirde we ýurduň başga ýerlerinde protest aksiýalaryny gurnap, häkimiýet başyndan çetleşdirilen Muhammad Morsiniň wezipesinde dikeldilmegini talap etmekçi bolýar.

Planlaşdyrylan protestleriň öňüsyrasynda ýurduň wagtlaýyn lideri Adli Mansur Müsüriň öz taryhyndaky “kesgitleýji döwri” başdan geçirýändigini aýtdy we käbir adamlaryň ýurdy “tertipsizlige” tarap iterýändigini belledi.

4-nji iýulda kasam eden Adli Mansur özüniň ilkinji resmi çykyşynda täze hökümetiň ýurtda durnuklylygy we howpsuzlygy dikeltmek ugrunda işlejekdigini aýtdy. Ol “bigünä adamlara el göterenlere geçirimlilik etmejekdigini” hem duýdurdy.

Müsüriň demokratik ýol bilen saýlanan ilkinji prezidenti Muhammad Morsi iki hepde mudan ozal köpçülikleýin protestleriň netijesinde harbylar tarapyndan häkimiýet başyndan çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG