Sepleriň elýeterliligi

Kiýewiň polisiýasy protesti dargatdy


Polisiýa geçen aýda bir zenanyň zorlanmagyna degişli waka bilen baglylykda Ukrainanyň paýtagtynda geçirilen protesti dargatdy.

Ýerli habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, häkimiýetler anna güni proteste jemlenen 100-e golaý adamyň dargamagyny talap edensoň, polisiýa 10 çemesi adamy ele salypdyr. Häkimiýetler penşenbe güni protest geçirmegi rugsat beripdi.

Şu aýyň başynda Kiýewden 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän Wradiýiwka şäherinde ýüzlerçe adam köçä çykypdy. 29 ýaşly dukan söwdegäriniň özüniň iki polisiýa ofiseri tarapyndan urlup-ýenjilendigi barada aýtmagy protest aksiýasyna sebäp bolupdy. Gahar-gazaba münen protestçiler polisiýa bölümine hüjüm etmäge synanyşypdy.

Hökümet regional prokuroryny, regionyň polisiýasynyň we şäheriň polisiýasynyň ýolbaşçylaryny işden boşadypdy. Şol waka tutuş Ukrainada reaksiýa döredipdi.
XS
SM
MD
LG