Sepleriň elýeterliligi

Nawalny azatlyga goýberildi


A.Nawalny (S) aýaly Ýulýa bilen, Kirowdaky sud otagynda.19-njy iýul, 2013 ý.

A.Nawalny (S) aýaly Ýulýa bilen, Kirowdaky sud otagynda.19-njy iýul, 2013 ý.

Orsýetiň Kirow şäheriniň sudýasy penşenbe güni ogurlyk aýyplamalarynda günäli bilnip, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilen oppozisioner Alekseý Nawalnyny bir gün soň azatlyga goýbermegi buýurdy.

Anna güni döwlet prokurory Sergeý Bogdanow özüne çykarylan hökümeden şikaýat edýän Nawalnynyň azatlyga goýberilmegini talap etdi.

"Men suduň Lenin etrap sudy tarapyndan 2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda çykarylan tussag etmek çäresini üýtgetmegini soraýaryn.”

Sud mahalynda Nawalny öz çykyş etmek mümkinçiligini ulandy we Bogdanowyň penşenbe günündäki bolşy bilen anna günündäki hereketiniň, özüniň azatlyga goýberilmegini soraýşynyň arasyndaky tapawudy kinaýa astyna alman durup bilmedi.

"Iki Bogdanow"

"Hormatly sud, ozaly bilen men siziň ünsüňizi prokuror Bogdanowyň şahsyýetini kesgitlemek zerurlygyna çekmek isleýärin, oppozisiýa agzalary birden onuň "dwoýnigini" iberen bolmasynlar, çünki hut şu Bogdanow meniň tussag astyna alynmagymy talap edipdi."

Sudýa Ignatiý Embasinow prokuroryň Nawalnyny azat etmek talabyny kabul etdi we tanymal hökümet tankytçysynyň boşadylmagynyň bir sebäbiniň onuň Moskwa şäher häkimiligine kandidatlygy bilen baglydygyny aýtdy.

"Nawalnynyň tussaglykda saklanmagy ony saýlaw kampaniýasy mahalynda beýleki hasaba alnan kandidatlar bilen deň bolmadyk ýagdaýa salýar we onuň saýlanmak hukugyny çäklendirýär."

“Ullakan geň-taňlyk”

Nawalny bada-bat azatlyga goýberildi, emma ol öz resmi ýaşaýan ýeri bolan Moskwadan çykmaly däl. Oppozisioner bu karary “ullakan geň-taňlyk” diýip atlandyrdy.

Penşenbe güni Kirowdaky başga bir sud Nawalnyny we Petr Ofiserowy ýerli agaç firmasynda 500 müň dollarlyk galplyk etmekde günäli tapdy. Bu wakanyň 2009-njy ýylda, Nawalny Kirow oblastynyň gubernatorynyň geňeşçisi bolup işlän wagty bolandygy aýdylýar.

“Kirowles” kompaniýasynyň direktory Wýaçeslaý Opalew sud mahalynda Nawalnynyň garşysyna görkezme berdi we sudýa onuň aýdan zatlaryny “ynandyryjy we esasly” diýip bilendigini aýtdy. Opalew Nawalny bilen dil düwşendigi üçin özüniň günäkärdigini aýtdy we oňa şertli iş kesildi.

Nawalny Opalewiň özüne töhmet atandygyny, sebäbi özüniň “Kirowles” kompaniýasynyň direktorynyň işden boşadylmagyny we işiniň derňelmegini maslahat berendigini aýtdy.

Günbatar ýurtlary bu hökümiň syýasy äheňli bolandygyny aýdyp, ony berk tankyt etdiler, şeýle-de ol Orsýetde köp sanly protestleriň başlanmagyna itergi berdi.

Halk gazaby

Öten agşam Moskwada suduň kararyndan nägile bolan müňlerçe adam proteste çykdy. 150 çemesi adam tussag edildi, ýöne olaryň köpüsi polisiýanyň duýduryşyndan soň, derhal azatlyga goýberildi.

Nawalny Kirow sudy tarapyndan azat edileninden soň, özüniň şäher häkimligine kandidatlygyny dowam etdirmek ýa etdirmezlik barada basym belli bir karara geljegini aýtdy.

"Saýlaw kampaniýasy dowam eder, sebäbi bu biziň saýlawçylar bilen görşüp-gürleşmegimiz, komissiýalar bilen däl, haýsy görnüşde, baýkot görnüşindemi ýa saýlawa gatnaşygy dowam etdirip, men muny Moskwa, öe baryp, kampaniýa toparym bilen duşuşyp çözerin."

Nawalny hökümetdäki korrupsiýany nyşana alýan bloglary bilen meşhurlyk gazandy. Onuň Wladimir Putiniň “Bitewi Orsýet” partiýasyna “ogry-jümrüleriň partiýasy” diýip beren häsiýetlendirmesi oppozisiýanyň demonstrasiýalarynda ählumumy şygara öwrüldi.
XS
SM
MD
LG