Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýada ogurlyk eserler ýakylypdyr


Paul Gogeniň “Açyk penjiräniň öňündäki gyz” atly eseri 1898-nji ýyl.
Paul Gogeniň “Açyk penjiräniň öňündäki gyz” atly eseri 1898-nji ýyl.
Rumyniýanyň jenaýat agtaryş işgärleri geçen ýyl Gollandiýadaky Sungat galereýalarynyň birinden ogurlanan sungat eserlerine degişli kartinalaryň ýakylandan soňky galyndylaryny tapandyklaryny aýdýarlar.

Agzalýan galyndylar Matisseniň, Pikassonyň we Moneniň işlerini hem öz içine alýan, bahasy millionlarça dollarlyk ýedi sany žiwopis eserini ogurlamakda aýyplanýan adamyň ejesiniň ojagyndan tapylypdyr.

Soňky ýyllarda bolup geçen sungat işleriniň ogurlanmagy bilen baglanyşykly jenaýata ahyrsoňy ogluny halas etmäge çytraşýan enäniň öýünde nokat goýuldy.

Olga Dogaru, jenaýaty agtaryş gulluklarynyň onuň ogly Radu Dogaruy bu ogurlykda güman edip başlandyklaryny, şonuň üçinem sungat işlerini otlandygyny aýtdy. Radu Dogarua oktýabr aýynda Rotterdamyň Sungat galereýasyndan sungat eserleriniň ajaýyp nusgalaryny ogurlan üç rumynyň hatarynda aýyplama bildirilýär.

Eserler

Ogurlanan kartinalar şulardan ybarat: Pawlo Pikassonyň “Arlekiniň kellesi” atly eseri, 1971-nji ýyl; Klaudiýa Moneniň “Londondaky Woterlu köprüsi” atly eseri hem-de “London köprüsiniň üstünde işlemek” atly eseri, 1901-nji ýyl; Genri Matissiň “Ak we sary reňklerde gyzy synlamak” atly eseri 1919-njy ýyl; Paul Gogeniň “Açyk penjiräniň öňündäki gyz” atly eseri 1898-nji ýyl; Mayer de Hanyň “Öz portretim” atly eseri, 1890-njy ýyl; şeýle hem Luçian Froýdyň 2002-nji ýyldaky sungat işi bolan “Gözi ýumuk zenan” atly eseri agzalan suratkeşleriň ogurlanan sungat işleridir.

Bu waka soňky on ýylyň içinde Gollandiýada bolup geçen iň ullakan sungat talaňçylygydyr. Ogurlanan işleriň takmynan 100 million ýewro bilen 200 million ýewro aralygynda bahasy bar (amerikan dollary bilen aýdanymyzda bahalar 130 million dollar bilen – 260 milion dollar aralygynda).

Olga Dogarunyň jenaýaty agtaryş gulluklarynyň işgärlerine gürrüň bermegine görä, ol ýanwar aýynda ogly tussag edilensoň, ogurlyk suratlary bir öýüň içinde gömüpdir. Ol öýde hiç kim ýaşamaýan ekeni. Soňra jenaýatçynyň ejesi Danube Deltada ýerleşýän Karakliýu obasyndaky bir mazarlyga baryp, agzalýan sungat işlerini bu ýerde gömüp gizlejek bolupdyr.

"Subutnamalary ýok etmek..."

Fewral aýynda Olga Dogaru mazarlykda gömüp gaýdan suratlaryny yzyna çykaryp, öýüne getirip, otlapdyr. Muny etmeginiň sebäbi, bu aýalyň öz sözlerine görä, degişli subutnamalary ýok edip, ol talaňçylygyň guramaçysy hasaplanýan oglunyň jenaýata çekilmeginiň öňüni aljak bolupdyr.

Rumyniýanyň Milli taryhy muzeýiniň müdiri Ernest Oberlande Tarnowiýenu, jenaýat agtaryş işgärleriniň mart aýyndan bäri ýakylan sungat işlerinden galan külleri derňeýändiklerini we öňümizdäki hepdäniň dowamynda netijeleriň we tapyndylaryň prokuratura geçiriljekdigini aýtdy.

Oberlande-Tarnowiýenu sülçüleriň ojakdaky kül galyndylarynyň içinden suratkeşleriň onlarça ýyl mundan ozal ulanan materiallarynyň galyndylaryny tapandygyny aýtdy.

“Bu boýaglaryň käbirleri gaty zäherli we olar eýýäm köp wagtdan bäri ulanylanok. Şeýle hem biz suraty rama çüýlemek üçin ulanylan çüýleriň hem üstünden bardyk. Olar ýaly çüýler indi öndürilmeýär. Biziň gürrüňini edýän çüýlerimiz mis bilen iş salyşýan zergärler tarapyndan elde ýasalypdyr. Indi olar ýaly materiallar hem ulanylanok.”

Oberlande-Tarnowienunyň aýtmagyna görä, emele gelen küller diňe bir surata degişli bolman, dürli suratlardan yza galan küller bolmaly. Ol: “Birnäçe suratyň ýakylandygy aç-açan görnüp dur” diýýär. “Surat galyndylary bar, olar gyzyl, ýaşyl, sary we gök ýaly dürli reňklerde” diýip, muzeýiň müdiri sözleriniň üstüni ýetirdi.

Ogurlyk

Gollandiýada talaňçylygy amala aşyran ogrular, gowşak goralýanlygyndan peýdalanyp, geçen ýylyň 16-njy oktýarynda galereýa giripdirler. Olar suratlary ulagalaryna çenli arzan plastiki paketlere salyp eltipdirler we, aýdyşlaryna görä, olar ýol-gözegçilik polisiýasynyň postunda saklanypdyrlar.

Derňewçiler suratlary we jenaýat bilen baglanyşykly subutnamalary ele salansoňlar, Radu Dogaru bilen birlikde beýleki iki sany güman edilýän adamyny-da gözenege gabadylar.

Bu jenaýata baş goşandygy güman edilýänleriň sungat eserlerini ogurlamakda ussat däldikleri çaklanylýar, sebäbi olar talan zatlarynyň näderejede gymmatbaha eserlerdigini anyk bilmändirler.

Ogurlanan suratlar hususy Triton guramasyndan getirilip, olar saýlama hem-de täzeçil sungat işleridir. 1991-nji ýylda Amsterdamdaky Wan Gog muzeýinden 20 sany sungat eseri ogurlanypdy. Ynha, biziň bu gün gürrüňini eden jenaýatymyz, 1991-nji ýyldaky şol hadysadan soň, ýurtda bolup geçen iň uly sungat talaňçylygydyr.

Oberlande-Tarnowiýenunyň aýtmagyna görä, eger-de derňewçiler sungat eserleriniň ýok edilendigini gürrüňsiz subut edäýseler, onda bu ýagdaý “aýlyganç jenaýat we ägirt uly ýitgi” diýlip atlandyrylar.
XS
SM
MD
LG