Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Nawalnyý “ýeňşe taýýar” diýýär


Orsýetli oppozision lider Alekseý Nawalnyý otlyda Kirowdan Moskwa dolanyp bardy. Ol demirýol wokzalynda özüni garşy alan tarapdarlarynyň öňünde çykyş edip, “biz saýlawlarda öňde barýarys we biz ýeňeris” diýdi.

Şenbe güni Moskwanyň Ýaroslawskiý wokzalynda Nawalnyny onuň tarapdarlaryndan we žurnalistlerden ybarat uly topar garşy aldy.

19-njy iýulda Kirow sudy Alekseý Nawalnyny we Petr Ofiserowy türme tussaglygyna höküm edýän karar güýjüne girýänçä olary tussaglykdan boşatmak kararyny yglan etdi. Hepdäniň penşenbe güni Nawalnyý we Ofiserow “Kirowles” şirketinden pul ogurlamakda günäli tapylyp türme tussaglygyna höküm edildi.

Sud Nawalnyny boşatmak kararyny onuň Moskwanyň meri wezipesine geçiriljek saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşýandygy bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG