Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl we Palestina gepleşik gecirmekçi


Ysraýyl bilen Palestina göni gepleşiklere gaýtadan başlamak barada ylalaşdylar. Gepleşikler 2010-njy ýylda togtadylypdy.

Bu täzeligi ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri anna güni Iordaniýanyň paýtagty Ammanda taraplaryň ikisi bilen geçiren gepleşiklerinden soň yglan etdi. Kerri bu ylalaşygy “taryhy” diýip atlandyrdy.

Jon Kerriniň sözlerine görä, Palestinanyň gepleşikler boýunça wekili Saeb Erekat we Ysraýylyň Ýustisiýa ministri Tzipi Liwni indiki hepdede Waşingtonda gepleşiklere başlamaga taýýarlyk bildiripdirler.

Kerri Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň we Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahunyň gepleşiklere dolanyp gelmek kararyny “edermen ädim” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG