Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlar we hünär: Alan hünäriňi ulanýarmyň?!


Gyrgyzystanda "XXI asyryň yaşlary" atly geçirilen seminarda düşürilen surat

Gyrgyzystanda "XXI asyryň yaşlary" atly geçirilen seminarda düşürilen surat

Şu günler Türkmenistanda ýaşlaryň bir topary ýokary okuw jaýlaryny, hünär mekdeplerini tamamlap, öz alan hünärleri bilen durmuşyň täze bir sahypasyny açmaga gadam basýarlar.

Şeýle-de, daşary ýurtlarda okan türkmenistanlylaryň hem bir topary, alan hünärleri bilen ýurtlaryna, yza, watana dolanýarlar.

Bu olar üçin tolgunçly, köp garaşylan, şonuň bilen bir wagtda-da jogapkärli we heýjanly bir pursat. Sebäbi olar öz täze alan hünärleri bilen iş bazarynda gerekli, zerur, ýokary hak tölenýän, sylagly adamlar bolup bilermi?

Iň esasysy bolsa, olar öz hünärleri boýunça iş tapyp, köňüllerinde beslän arzuwlaryna ýetip bilerlermi? Bu meselede nähili kynçylyklar bar? Ol kynçylyklar tebigy, bolmaly bir zatmy ýa-da bu emeli, sowet döwründen galan ýaramaz endiklere, ýalňyş pikirlere esaslanýan kynçylyklarmy?

Bu kynçylyklar ýa meseleler nähili tagalla edilende aradan aýrylar?

Ýaşlara durmuşda, işde giň ýol açylmagy kime we nämä bagly?

Bu meselede ýaşlaryň öz rollary nähili bolmaly?

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG