Sepleriň elýeterliligi

Müsürde heläkçilikli çaknyşyklar boldy


Müsüriň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezidenti Muhammad Morsiniň tarapdarlarynyň we garşydaşlarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan üç adam wepat boldy. Anna güni agşam Mansura şäherindäki çaknyşyklarda Iki zenan we bir oglan öldürilipdir.

Heläkçilikli wakalar yslamçy lideriň wezipesinde dikeldilmegini talap edip Müsüriň ençeme şäherlerinde müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen protestleriň netijesinde ýüze çykdy.

Muhammad Morsi harbylar tarapyndan näbelli bir ýerde saklanýar. Soňky günlerde “Musulman doganlar” atly syýasy toparyň baş liderleriniň ençemesi tussag astyna alyndy.

BMG-niň adam hukuklary boýunça baş wekili Nawi Pillaý Müsüriň hökümetinden tutha-tutluklary kanun esasynda delillendirmegi we suduň bolup-bolmajagy barada maglumat bermegi sorady.
XS
SM
MD
LG