Sepleriň elýeterliligi

Kongressmenler Eýran bilen gepleşiklere tarapdar


ABŞ-nyň Kongressiniň 100-den gowrak agzasy prezident Obamany Eýranyň täze prezidenti bilen diplomatik gepleşik geçirmäge çagyrýan ýüzlenmäni goldap çykyş etdi. Penşenbe güni bu ýüzlenmä Wekiller öýüniň agzalarynyň dörtden bir bölegi ýagny 118 adam gol goldy.

“Eýranda prezident çalyşansoň, täze saýlanan prezident Hassan Rohaniniň amerikan-eýran gatnaşyklary babatyndaky niýetini synap görmezlik ýalňyşlyk bolardy”, diýip hatda bellenýär.

Kongressmen Keýt Ellison Rohaniniň saýlanmagynyň Birleşen Ştatlar üçin Tähran bilen gatnaşyklara gaýtadan garamaga mümkinçilik döredýändigini belledi.

Eýran ýadro programmasy bilen baglylykda özüne edilýän halkara basyşlary ret edýär we öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG