Sepleriň elýeterliligi

Soçi: NHL Olimpiada gatnaşar


Demirgazyk Amerikanyň Milli Hokkeý Ligasynyň oýunçylary 2014-nji ýylda Orsýetiň Soçi şäherinde boljak Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar.

NHL ýagny Milli hokkeý ligasy we Halkara hokkeý federasiýasy bu barada anna güni ylalaşyga geldiler. Birnäçe aýyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde NHL 2013-2014-nji ýyllaryň adaty oýunlaryny ýatyryp, 120 öýunçynyň fewral aýynyň ortalarynda Soçide boljak halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna mümkinçilik döretmäge razylyk berdi.

Bu karar 1998-nji ýylda Naganoda bolan ýaryşlardan bäri Milli hokkeý ligasynyň öýunçylarynyň gyşky Olimpiýa öýunlaryna bäşinji sapar yzygiderli gatnaşjagyny aňladýar.
XS
SM
MD
LG