Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu Palestina bilen gepleşikler wajyp diýýär


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Palestina bilen gatnaşyklaryň gaýtadan ýola goýulmagynyň Ysraýylyň “iňňän wajyp strategik bähbidi” bolup durýandygyny aýtdy.

Netanýahu ysraýyllylaryň we palestinalylaryň arasyndaky konfliktiň soňuna çykmaga synanyşmagyň “özi-de möhümdir” diýip, öz beýannamasynda belledi. Onuň sözlerine görä, Palestina bilen ylalaşyga gelinmegi Ysraýylyň Eýrandan we Siriýadan gelýän howplara garşy durmaga kömek berer.

Netanýahunyň bu beýannamasy onuň ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň anna güni eden çykyşyna ilkinji reaksiýa boldy. Kerri Ysraýylyň we Palestinanyň göni gepleşiklere dolanmaga taýýardygyny mälim edipdi.

Taraplar arasyndaky parahatçylykly gepleşikler Ysraýylyň Günbatar Kenarda we Gündogar Ierusalimde ýaşaýyş nokatlaryny gurup başlamagy sebäpli 2010-njy ýylda bes edilipdi.

Şenbe güni irden Ysraýyl palestin tussaglarynyň “çäkli” toparyny boşatmak plany barada yglan etdi.
XS
SM
MD
LG