Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda partlamalar boldy


Yrak resmileriniň aýtmagyna görä, Bagdadyň söwda zolaklarynda bolan birnäçe bomba partlamalary zerarly 40-dan gowrak adam wepat bolupdyr we onlarçasy ýaralanypdyr.

Awtoulaglara goýlan bombalar şenbe güni agşam köp adam agyz açardan soň dynç alyp, dükanlara gezelenç edýärkä partladylypdyr. Partlamalar Bagdadyň Karrada, Baiaa, Şurta, Tobçi we Zafaraniýah böleklerinde bolupdyr.

Diňe iýul aýynda Bagdatda 500-den gowrak adam öldürildi, olardan 250 adam 10-njy iýulda başlanan Remezan aýynyň başyndan bäri heläk boldy.

Bu zorluklar sünnileriň we şaýylaryň arasyndaky gapma-garşylyklar bilen baglanyşdyrylýar. Azlykdaky sünniler şaýylaryň baştutanlygyndaky häkimiýetleri öz bähbitlerini depelemekde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG