Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Zellandiýada ýer titredi


6,9 magnitudaly ýer titreme Täze Zellandiýany sarsdyrdy.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň ýekşenbe güni aýtmagyna görä, ýer titreme paýtagt Wellingtonyň golaýynda bolupdyr. Onuň ýetiren zyýany barada maglumat berilmedi.

Wellingtonyň polisiýasynyň inspektory Marty Parker infrastruktura uly bolmadyk täsiriň ýetendigini we şäheriň käbir bölekleriniň energiýasyz galandygyny aýtdy.

Ýuwaş okean regionynda sunami barada maglumat berýän merkez bu ýer titreme barada duýduryş bermändi. Bu ýer titreme soňky günlerde regionda bolan sarsgynlaryň iň güýçlisidir.

Täze Zellandiýa Awstraliýanyň we Ýuwaş okeanyň ýer gatlaklarynyň tektonik bölünişikleriniň merkezinde ýerleşýär. Bu ýerde ýylda 15 müňe golaý sarsgyn bolýar. 2011-nji ýylda Hristçurç şäherinde bolan 6,3 magnitudaly ýer titremede 185 adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG