Sepleriň elýeterliligi

Tibet: 18 ýaşly monah özüni otlady


Habar berilişine görä, bu waka Hytaýyň gündogar-günbatar böleginde ýerleşýän Syçuan welaýatynda bolupdyr.

ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän Azat Aziýa radiosynyň we adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň aýtmagyna görä, 18 ýaşly tibetli monah Tibetiň Hytaýdan garaşsyzlygyny talap ediji şygarlary gygyryp öz özüni ýakypdyr.

“Azat Tibet” atly toparyň maglumatyna görä, polisiýa we ýerli häkimiýetler bu protest aksiýasyndan soň regionda telekommunikasiýa mümkinçilikleri çäklendiripdirler.

2009-njy ýyldan bäri hytaý häkimiýetleriniň Tibeti basyp almagyna protest bildirip 120 tibetli özlerini oda berdiler.
XS
SM
MD
LG