Sepleriň elýeterliligi

Belgiýa: Şazada Filip täze patyşa boldy


53 ýaşly şazada Filip ýekşenbe güni kasam edip Belgiýanyň 183 ýyllyk taryhyndaky ýedinji patyşasy boldy.

Patyşalykdan çekilýän Albert Ikinji kasam edişlik dabarasynyň öňüsyrasynda çykyş edip, Belgiýany bütewilige we ykdysady kynçylyklary çözmek üçin Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşykda bolmaga çagyrdy.

79 ýaşly Albert 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda tagtda boldy.

Filipiň tagta geçmegi golland dilinde gepleýän Flandriýa we fransuz dilinde gepleýän Walloniýa regionlarynyň arasyndaky çekeleşikleriň güýçlenen döwrüne gabat geldi.

Belgiýanyň patyşalary käwagt syýasy rol oýnaýarlar. Hususan-da, olar potensial hökümet ýolbaşçylaryny belleýärler hem saýlawlardan soň koalision hökümetleri düzmek işine gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG