Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Panamada söweş uçary tapyldy


Panamada sowet döwrüne degişli MiG-21 kysymly iki söweş uçary tapyldy. Panamanyň resmileriniň habar bermegine görä, derňewçiler söweş uçarlaryny Kubadan gelýän Demirgazyk Koreýa degişli gämide ele salypdyrlar.

Panamanyň prezidenti Rikardo Martinelli, derňewçileriň Demirgazyk Koreýa degişli “Çong Çon Gang” atly gämide başga-da iki sany radar sistemany tapandyklaryny mälim etdi. Şeýle-de ol gämide kabelleriň we elektrik enjamlaryň hem ele salynandygyny belledi.

Mundan ozal Panama gäminiň konteýnerlerinde partladyjy maddalaryň bardygyndan şübhe edýändigini habar beripdi. Emma muňa garamazdan, gämide hiç hili partladyjy madda ele salynmady.

Kuba, gämide köne ýaraglaryň bardygyny we olaryň bejerilmegi üçin demirgazyk Koreýa ugradylandygyny aýtdy. Agzalýan bu gämi geçen hepde Panamanyň resmileri tarapyndan saklanypdy.

Panama Demirgazyk Koreýanyň özüne goýulan sanksiýalary bozýan bolmagynyň mümkindigini aýdyp, BMG-niň howpsuzlyk geňeşinden gämini we onuň içini derňemegi haýyş edipdi. Demirgazyk Koreýanyň ýadro we ballistik raketa programmalary sebäpli Phenýana BMG tarapyndan sanksiýalar girizilipdi.
XS
SM
MD
LG