Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Partlamada 12 adam öldi


Yragyň demirgazygynda ýurduň harby ulag kerwenine garşy bomba hüjümleri amala aşyryldy.

Yragyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni janyndan geçen bir hüjümçi içi partladyjyly ulagyny Mosul şäheriniň demirgazygyndan geçip barýan harby patrulyň üstüne sürüpdir.

Şol partlamada heläk bolanlaryň sany takyk belli bolman, maglumatlara görä azyndan 12 adamyň ölendigi aýdylýar. Şeýle-de, olaryň sanynyň 25-e çenli ýetmeginiň mümkindigi bellenýär.

Hüjümi kimiň amala aşyrandygy henize çenli nämälim, ýöne şeýle hüjümler adatça "Al-Kaýda" bilen ilteşikli bolýar.

Şeýle hüjümleriň netijesinde, Yrakda sünni we şaýy musulmanlarynyň arasyndaky dartgynlygyň has-da möwjemeginden howatyr edilýär.

The Associated Press habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Yrakda aprel aýyndan bäri 2 müňden gowrak adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG