Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk güni köp çäre bilen bellendi


Türkmenistanyň Saglyk ministrligi, Aşgabat.
Türkmenistanyň Saglyk ministrligi, Aşgabat.
Geçen hepde ýurt boýunça saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilip geçildi. Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagt Aşgabatda açylyş dabaralary, baýramçylyk konsertleri we maslahatlar geçirildi.

Lukmanlaryň bir toparynyň baýramçylyk çärelerine gatnaşmaly edileni üçin paýtagtyň medisina edaralarynyň käbirinde lukmanlaryň ýetmezçilik edendigi aýdylýar. 19-njy iýulda Saglyk öýlerine baran näsaglar lukmanlara öňkülerden has köp garaşmaly bolupdyrlar.

Lukmanlary tapmadym..

“Anna güni men poliklinika baryp, öz maşgala lukmanymyzy tapyp bilmedim. Günortadan soň geler diýdiler. Ýöne şondada ol öz ýerinde ýokdy” diýip, paýtagtyň 1-nji Saglyk öýüne degişli näsag Gyzylgül aýdýar.

Gyzylgüle maşgala lukmanynyň öz iş ýerinde bolmazlygynyň sebäbini onuň çärä gidenligi bilen düşündüripdirler. “Diňe bu çärä däl, beýleki çärelere-de lukmanlary äkidýärler. Şonuň üçin, näsaglara seretmäge wagt bolmaýan halatlary seýrek däl” diýip, paýtagtyň 1-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy Gözel gürrüň berýär.

Paýtagtyň beýleki lukmançylyk edaralarynda hem şol gün ýagdaý ýokarda aýdylana çalymdaşdy. Käbir keselhanalaryň bölümlerinde barmak basyp sanaýmaly lukman öz iş ýerlerinde galypdyr.

Mysal üçin, paýtagtyň “Demirýol” keselhanasynyň bölümlerinde 3-4 sany lukmandan galanlary baýramçylyk çärelerine iberilipdir.

“Diňe bir baýram günleri däl, eýsem bu baýramçylygyň öňüsyrasynda hem lukmanlar üç günläp baýramçylyga taýýarlyk çarelerine gatnaşmaly boldular” diýip, bu keselhananyň lukmany Arslan aýdýar.

Çäreler we çäreçiler

Bu baýramçylyga gatnaşan lukmanlar köçelerde “janly koridor”, köpçülikleýin çäreleriň gurnaýjylary, gatnaşyjylary we tomaşaçylary boldular. Bu çäreler dynç güni hem dowam etdi. Dynç güni paýtagtda bu baýramçylyk mynasybetli konsert geçirildi.

“Şol gün biziň dynç günümiz bolmalydy. Ýöne öýlän bäşaýagyň ýanyndaky amfiteatrdaky konserte barmaly diýdiler. 22 sany adam bolup şol konserte bardyk” diýip, Aşgabadyň 1-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy Gözel gürrüň berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gurnalan çäreler paýtagtyň Sergiler köşgünde “Saglyk-2013” atly sergi we maslahat bilen tamamlandy.
Soňky bäş-alty ýyllykda ýurtda geçirilýän dürli köpçülikleýin çäreleriň sany artdy. Her aý diýen ýaly azyndan 30-40 sany köpçülikleýin çäre geçirilýär. Bu çäreler haýsy-da bolsa bir senä bagyşlanyp, birnäçe gün dowam edýär.

Soňky 2 ýyl bäri bolsa ýurt boýunça ”Hepdäniň dynç günleriniň köpçülikleýin çäreleri” diýip atlandyrylýan çäreler hem geçirilýär. Mundan başga-da döwlet edara-kärhanalarynda, ýokary okuw jaýlarynda çem gelen sebäbe görä dürli maslahatlary geçirmek hem adata öwrüldi.

Baýramçylygyň netijeleri

Köpçülikleýin habar serişdelerinde bu maslahatlar her hili atlandyrylýar. Mysal üçin, işjeň, baýramçylyk, hoşallyk diýen maslahatlar hem bar.

Bu çärelere we maslahatlara döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, okuw jaýlarynyň okuwçylarydyr studentleri gatnaşýarlar. Köplenç halatda bu çäreler döwlet edara-kärhanlarynyň işlerini bökdeýär. Okuw jaýlarynyň okuw prosesine päsgel berýär. Ýöne, muňa garamazdan, çäreleriň sany azalmaýar.

“Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň dört günläp giňden bellenilip geçilen baýramçylygy hem belli bir derejede lukmançylyk edaralarynyň işini bökdäp, ýurduň ilatynyň saglygyna öz ýaramaz täsirini ýetirdi” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan adamlar gürrüň berýärler.
XS
SM
MD
LG