Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý iň öňe saýlanýarmy?


Hytaý görnüşleri
Hytaý görnüşleri
Amerikanyň Birleşen Ştatlary entegem dünýäniň ykdysady taýdan iň ösen ýurdy hasaplanýar, emma gitdigiçe kuwwatlanýan Hytaýyň ykdysadyýeti soňluk bilen Birleşen Ştatlardan ozup geçer diýlip çaklanylýar.

Ynha, şu maglumatlar düýbi Amerikada ýerleşýän Pew (piu) barlag merkeziniň ýaňy-ýakynda geçiren giň germli pikir soralyşygynyň netijelerinde agzalýar.

Pikir soralyşyga dünýäniň 39 döwletinden jemi 400.000-e golaý adam gatnaşdyryldy.

Geçen hepdäniň penşenbe güni Pew barlag merkeziniň global ykdysadyýet programmasynyň müdiri Brýus Stoks Azatlyk Radiosyna anketanyň netijeleri barada şeýle gürrüň berdi:

“Adamlaryň Birleşen Ştatlar babatdaky garaýyşlary entegem ynamly bolup galýar. Adamlaryň pikirine görä, bu ýagdaý Buşuň administrasiýasynyň soňky ýyllary bilen deňeşdireniňde has hem tapawutlanýar. Ýöne, ynha, haçan-da Birleşen Ştatlar bilen Hytaýyň ýagdaýy terezä goýlanda Hytaý agramlyrak ýaly. Adamlar Hytaýa ykdysady taýdan iň bir öňdebaryjy ýurt hökmünde seredýärler we gelejekde Hytaýyň Amerikadan ozup geçjekdigini aýdýarlar”.

Amerikan baýdagy
Amerikan baýdagy
Pikir soralyşyga gatnaşyjylaryň üçden bir bölegi Hytaýyň bireýýäm dünýäde iň öňdebaryjy ykdysadyýete eýe bolandygyna ynanýar. Bu görkeziji Pew merkeziniň 2008-nji ýylda geçiren pikir soralyşygynyň netijeleri bilen deňeşdireniňde 20 göterim köpelipdir.

ABŞ-daky garaýyşlar

ABŞ-da garaýyşlar ortaradan göni ikä bölünýär. Ilatyň ýarpysy Hytaýyň, gürrüňsiz, mundan beýlägem kuwwatlanyp, öňe geçjekdigine ynansa, ilatyň galan ýarpysy munuň asla bolup bilmejekdigine ynanýar.

Muňa garamazdan, anketa esasynda gelnen beýleki bir netijä görä, Hytaýyň ösýän ykdysadyýeti ýurduň dünýädäki abraýyna üýtgeşik täsir edenok. Bu babatda gatnaşyjylaryň ýarpysy Hytaýa oňyn baha berýän bolsa, olaryň 63 göterimi Birleşen Ştatlaryň abraýyna şek ýetmändigine ynanýar.

Medeniýet, biznes we ideologiýa babatda Hytaýa ABŞ-dan birnäçe esse pes baha berilýär.

Stoksyň pikirine görä, hytaýlylar “ýumşak güýç” babatynda bäsdeşiniň [ABŞ-nyň] yzyndan ýeterli. Ol bu hakda öz pikirini şeýle mälim edýär:

“Biz global bäsleşikde güýç synanyşýarys. Meniň pikirimçe, bu bäsleşikde Amerika ýeňilýär diýsek, nädogry bolar, Hytaý Birleşen Ştatlaryň yzyndan ýetip barýar diýsek, [onda bu] has dogry bolar.”

Latyn Amerikasynda we Afrikanyň aşaky böleginde Hytaý barada oňyn garaýyşlar rowaç alýar, ýöne şonda-da Birleşen Ştatlar ýaly rowaçlanyp bilenok.

Maýa goýumlarynyň täsiri

Stoksyň pikirine görä, agzalýan sebitlerde Hytaýyň abraýynyň ýokarlanmagy onuň şol ýerlerdäki maýa goýumlary bilen berk baglanyşyklydyr. Stoks bu barada şeýle diýdi:

“Latyn Amerikasynda we Afrikada Hytaýyň täsiri gaty güýçli. Aslynda bu ýagdaý köpleri geň galdyryp biler. Ýöne Hytaýyň iki regiondaky “ýumşak güýji” bellärlikli we adalatly [baha mynasypdyr]. Belli bir jähtden seredenimizde, bu ýagdaýa sebäp bolýan zat - gürrüňi edilýän ýurtlar bilen Hytaýyň söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagy we Hytaýyň bu ýurtlara uly möçberlerde maýa goýmagydyr”.

Pikir soralyşyga gatnaşyjylaryň aglaba bölegi Waşington öz raýatlarynyň hukuklaryny sylaýar diýýär. Olaryň köp bölegi, has takygy Germaniýadan pikir soralyşyga gatnaşyjylaryň 88 göterimi, Fransiýadan bu çärä gatnaşyjylaryň 83 göterimi prezident Barak Obamanyň halkara meselerlerde göwnejaý işleri alyp barjakdygyna gözleriniň ýetýändigini aýtdy.

Anketa ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň ozalky işgäri Eduard Snowden Birleşen Ştatlaryň gizlin içalyçylyk programmalary barada maglumatlary syzdyrmanka geçirlipdi. Galyberse-de, pikir soralyşygyň netijeleri Amerikanyň raketa hüjümleriniň dünýäde giňden ýazgarylýandygyny mälim etdi.

“Biz Ýemen, Somali we Pakistan ýaly ýurtlara edilen raketa hüjümleri barada aýratyn sorag bilen adamlara ýüzlendik. Gaty köp ýurtda adamlaryň howa hüjümlerine garşydygyna göz ýetirdik. Aýratynam Pakistana edilen raketa hüjümlerine adamlar garşy ekeni.”

Stoks pikir soralyşygyň Orsýet boýunça görkezýän netijeleri geň galdyrýar diýip, muny seýle düşündirýär:

“Meniň pikirimçe, Orsýetden gelen jogaplar gaty geň galdyryjy. Ýagny, adamlaryň Amerika bolan garaýşy Obama prezident bolaly bäri gowulanypdyr, ýöne şol bir wagtyň özünde-de adamlaryň Obama bolan garaýyşlary ol prezidentlige saýlanaly bäri erbetleşipdir. Diýmek, bu ýerde biri-birine çapraz gelýän zatlar bar we, elbetde, bu ýagdaý adaty ýagdaý däldir. Dünýäniň beýleki ýerlerinde adamlaryň Amerika barada we Amerikanyň prezidenti barada berýän jogaplary özara utgaşýar.”
XS
SM
MD
LG