Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Üç NATO esgeri öldürildi


NATO Owganystanda özüniň üç esgeriniň köçe ýaka bomba uçrap, ölendigini tassyklady.

Ýaranlyk beýanat ýaýradyp, esgerleriň sişenbe güni Owganystanyň gündogar sebitinde ölendigini mälim etdi.

NATO heläk bolan esgerleriň şahsyýeti, milleti ýa-da hüjümiň anyk bolan ýeri barada goşmaça maglumat bermedi.

Owganystandaky gulluk geçýän NATO esgerleriniň aglabasy ABŞ-ly harbylar.

Şu aý Owganystanda Halkara güýçleriniň hataryndan azyndan ýedi adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG