Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz-özbek serhedinde atyşyk boldy


Gygyz-özbek serhedinde dörän ok atyşlykda, bir özbek gümrükçisi öldürildi, başga-da biri ýaralandy, diýip Gyrgyzystanyň resmileri habar berýär.

Bu waka sişenbe güni Gyrgyzystanyň günortasyndaky Aksu etrabynda ýüze çykdy.

Gyrgyzystanyň Gümrük gullugynyň ýaýradan beýanatyna görä, Özbegistanyň serhet gullugynyň iki işgäri, bikanun ýagdaýda, Gyrgyzystanyň serhedini geçipdir. Maglumata laýyklykda, özbek gümrükçileri gyrgyz resmileriniň yza çekilmek görkezmesine boýun egmändir.

Beýanatda iki tarapyň arasynda dawanyň ýüze çykandygy, netijede iki tarapyň hem ot açandygy bellenilýär. Wakada gyrgyz tarapyndan ýitgiler bolmady.

Resmi Daşkent bu hadysa bilen baglylykda, häzirlikçe, hiç hili beýanat ýaýratmady.

Şu aýyň başynda, bir gyrgyz raýaty özbek gümrükçileri tarapyndan atylyp, öldürilipdi.

Gyrgyz-özbek serhedinde ok atyşyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
XS
SM
MD
LG