Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Žurnaliste hüjüm edildi


Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) Ukrainanyň resmilerine ýüzlenip, žurnalist Oleg Bogdanowy goramak üçin “gyssagly çäreleri geçirmäge” çagyrdy.

Bogdanow ýekşenbe güni giçlik Donetskde öz öýüniň golaýynda näbelli hüjümçiler tarapyndan ýenjilipdi. Hüjümde onuň äňi we burny döwüldi. Bogdanow häzir keselhana ýerleşdirildi.

Bogdanow “Dorožnyý patrul” atly websaýtda işleýär. Bu saýt Ýol gözegçilik we howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň edýän kanun bozmalary barada maglumat berýär.

Bogdanow özüne alyp barýan işi sebäpli hüjüm edilendigini aýdýar.

Žurnalistleri goramak boýunça komitet ukrain resmilerini “bu iş boýunça garaşsyz derňewi geçirmäge” çagyrdy.
XS
SM
MD
LG