Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Ýer beriň


Karikatura
Karikatura
Ýer beriň
Nyýazow Ministrler kabinetiniň maslahatyny geçirýär. Oba hojalygy pudagyna serenjam berýän orunbasaryna:

- Türkmenistanda ýer gytçylygy ýok, isleg bildiren adama ýer beriň -diýipdir. Pudaga serenjam berýän wise-premýer:

- Beýik Serdarym, öňräk telewideniýede halka ýüzlenip eden çykyşyňyzda “Eýranyň prezidenti Rafsanjany doganym “Halkyňy baýatma, baýasalar problema köpeler” diýip, maslahat berdi. Men sizi baýatmakçy däl. Musa pygamberiň musaýylary Müsürden çykaryp, kyrk ýyl goýun bakdyryşy ýaly, men sizi kyrk ýyl garyplykda ýaşatjak” diýdiňiz. Adamlara ýer-suw bersek, olar baýar ahyryn -diýýär. Nyýazow gazaba münüp ýerinden turýar:

- Men “Ýer beriň” diýdim. Haçan “Suw beriň” diýdim? Aýdylmadyk sözi dile getirseň, bilip goý, wezipäňden boşadyp, gözüňi türmede açaryn -diýip, stol ýumruklapdyr.

Pyraga haýyş

XX asyryň aýagynda Balkan welaýatynyň merkezi Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäheriniň iň gözel seýilgähleriniň birinde ýüzüne “Şu ýerde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bilen Magtymguly Pyraga ýadygärlik bina ediljek” diýen ýazgy ýazylan mermer daşy oturtdylar.

“Ýadygärlik taýyn bolýança, il-günüň gözi öwrenişsin” diýen matlap bilen, ýadygärligiň äpet žiwopis (surat) nusgasy, Magtymguly bilen Nyýazowyň bile duran suraty-da daşyň arka tarapynda oturdyldy. Aradan 10-15 gün geçdi. Säher bilen işe barýanlar suratyň ýüzüne ýagly reňk bilen haşamlanyp ýazylan:

Seriňe döneýin, eziz Pyragy,
Aýyrsana ýanyňdaky duragy – diýen, goşgy bendini okadylar. Ýörite gulluklar “gije zehini açylýan” şahyry kän gözledi. Ýöne ony tapyp bilmediler.

Arak içseler oňat-da

Bir gezek eli kütek sazandanyň biri Mylly aganyň ýanyna gelip:

- Çary Täçmämmet bilen Jepbar Hansähediň ussatlygyna söz ýok. Ýöne ikisi-de arak-şeraby köp içýär. Käte olary toýa çagyrmaga gelenler ikisiniň-de serhoşdygyny görüp, meni ýa-da başga bir sazandany toýa çagyrýar. Biz gelşiksiz ýagdaýa düşýäris. Çara, Jepbara ýollanan çakylygy olara ýetirmän, süwümsizlik edip, çagyrylmadyk toýumyza baran ýaly bolýarys.

Biz owarram-la, il-güne “Çaryny ýa-da Jepbary toýa çagyrjak” diýip, wada beren toý eýesiniň dili gysga bolýar. Büýem hiç. Çary bilen Jepbaryň içýändigi “Agyz agyzdan ýel alar” diýlene döndi. Şoňa gynanýan -diýip, olara hossarsyrap “zeýrenipdir”.

Ýanyna geleniň söýgüli şägirtleriniň gybatyny edip, saman astyndan suw goýberip oturşyna Mylly aganyň gahary gelipdir. Her hal ýaşulylyk, halypalyk paýhasy gahardan rüstem gelipdir. Ol:

- Olar arak içýän bolsa oňat-da. Çary bilen Jepbar arak içip serhoş bolmasa, ikimiz ýaly “Oglan aldan” diýilýän sazandany kim toýa çagyrsyn?! -diýip, aýlawly gürrüň edipdir.

Amanmyrat Bugaýewiň okyja ýetirilmedik “Hazyna ýaşaýar diller içinde” atly kitabyndan degişmeler.
XS
SM
MD
LG